Asus «simsiz» wideokartany çykarar

  • 28.07.2023 13:41
  • 8.6k+

Asus kompaniýasy energiýa üçin adaty elektrik kabelleri bolmadyk wideokartalary ýasap başlady. Bu barada Tom's Hardware neşiri habar berýär.

Hünärmenleriň sözlerine görä, GeForce RTX 4070 modeli GC_HPWR birleşdirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr, onuň üsti bilen wideokarta güýç berilýär. Şeýlelikde, enjam daşarky güýç interfeýslerine mätäç däldir. Žurnalistler Asusyň tehnologiýany patentländigini we geljekde çykarylmagy meýilleşdirilýän beýleki wideokartalarda ýerleşdirjekdigini bellediler.
Maglumatda adaty PCIe 4.0 x 16 birleşdirijiniň üsti bilen güýjüň enjama geçirilýändigi aýdylýar, birleşdirijiniň wideokarta 600 Watt-a çenli güýji geçirip biljekdigi kesgitlenildi. Žurnalistleriň pikiriçe, "simsiz" wideokarta ulanyjylara kompýuteriň içini arassalamaga kömek eder. Şeýle-de bolsa, şeýle enjamlar beýleki wideokartalardan has gymmat bolar.
Insaýderler Asusyň wideo kartalaryň ilkinji partiýasyny öndürip başlandygyny aýtdy. Täze görnüşli enjam köpçülikleýin güýzde öndürilip başlar.

şu gün 06:43
2.5k+

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......

düýn 23:18
905

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
677

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

12.05.2026 23:21
6.6k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....