Öz logotipiň goýlan batnik-kepkalar — müşderiler üçin iň gowy sowgat

  • 23.07.2023 15:55
  • 21k+

Logotipiň ýa-da haryt nyşanyň oturdylan batnik-kepkalar diňe bir öz işgärleriň üçin iş eşigi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, müşderiler üçin hem sowgat bolup biler. Siziň logotipiňiz oturdylan futbolkadyr kepkalary geýen müşderiler brendiň mahabatyny mugt ýaýradyjylar bolup durýar. Mundan başga-da, logotipli futbolkalar täze önümi tanatmagyň hem iň gowy usuly bolup durýar.  Adamlar haryt nyşanyny näçe köp görüp dursalar, şonça-da şol brend adamlaryň aňyna ornaşýar. Muny söwda hem hyzmatlar ulgamynda üstünlikli iş alyp barýan islendik adam tassyklap biler.
TmCars Habarlar bu gezekki materialynda öz logotipiň goýlan batnik-kepkalary amatly bahadan hem-de ýokary hilli nireden sargyt edip bolýandygy barada gürrüň berýär.
«Gadyr Style» hususy kärhanasy söwda merkezlerine, hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan firmalara, önümçilik bilen meşgullanýan kärhanalara we başga-da isleg bildirýänleriň ählisine sargyt esasynda öz logotipi oturdylan futbolkalary, batnikleri hem-de kepkalary taýýarlap berýär.

Batnikleriň, kepkalaryň dizaýny müşderiniň islegine görä indiwidual taýýarlanylýar. Kompýuterde ilki önümiň dizaýny ylalaşylandan soň, müşderä br nusgada futbolka taýýarlanyp berilýär. Müşderi taýýar önümi eline alyp, doly tassyklandan  soň, sargydyň galan bölegi ýerine ýetirilýär.
Sargydyň iň az möçberi 50 sany bolmaly.
Sargytlar bir hepdäniň dowamynda ýerine ýetirilýär.
Logotipler iki görnüşde edilýär — dokma (wyşiwka) we döwülmeýän, sypmaýan nakleýka.

ONLAÝN HEM SARGYT EDIP BOLÝAR
«Gadyr Style» futbolka-kepkalary onlaýn arkaly hem sargyt edip bolýandygyny ýatladýar. Bu ýagdaýda «Gadyr Style» müşderä öz logotipi oturdylan futbolka-kepkadan 3-4 nusga taýýarlap ugradýar.
«Gadyr Style» hususy kärhanasy futbolkalarynyň, batnikleriniň, kepkalarynyň ählisini Türkiýeden gelen materiallardan taýýarlaýar. Önümleriniň jana rahat hem göze gelüwli bolmagyny, bahalarynyň amatlylygyny kepillendirýär.
Tölegler ähli görnüşde kabul edilýär.
«Zehinli çözgüt», «Awto güýç», «Altyn şöhle», «Goşa çynar», «Tolkun», Elite Elektronika, «Rahat öý» ýaly kompaniýalar, «City market», «Şazada», «Paýtagt», «Şerbet», «Täjir» ýaly marketler, «Shivaki», MacCoffee, söwda brendleri, «Central park», «Nescafe», «Saryja» ýaly kafe-restoranlar, «Esmo», «Ödül», «Salkyn», «Arakesme», «Elin», «Kuwwatly Halal» ýaly kärhanalar  öz işgärleri üçin «Gadyr Style» hususy kärhanasyndan batnik-kepkalary aldylar.

Öz logotipiňiz oturdylan batnikleri, futbolkalary we kepkalary sargyt etmek isleseňiz şu telefon belgisine jaň edip bilersiňiz: +99365082347

düýn 18:39
2.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 17:25
4k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8.2k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....