Aýdaky ilkinji futbol oýny 2035-nji ýylda geçirilip bilner

  • 23.07.2023 15:36
  • 20k+

Britaniýanyň inženerçilik we tehnologiýa institutynyň alymlary Aýda ilkinji futbol oýny 2035-nji ýylda geçirilip  bilner diýip hasaplaýarlar. Şol wagta çenli adamzadyň Aýy eýýäm ol ýerde sport ýaryşyny gurap biler derejede özleşdirip biljekdigine ynanýarlar. Bu barada Daily Mail ýazýar.

Hünärmenler kosmos futbolynyň oýnuň adaty görnüşinden düýpgöter tapawutlanjakdygyna ynanýarlar. Olaryň pikiriçe, ol 20 minutlyk arakesmeli dört 10 minutlyk taým üçin “bäş-bäş” esasda amala aşyrylmaly. Adaty sport eşiginiň deregine sowadyş funksiýaly uly skafandr geýmeli bolar. Eminleriň ornuny oýnuň gidişine gözegçilik etjek we ýörite tagtada görkezilýän wirtual gyzyl hem-de sary kartoçkalary çykarjak gologrammalar tutar.
Futurolog Braýan Dewid Jonson: "2025-nji ýylda boljak Aý missiýasy Aýyň kolonizasiýasyny ýene bir ädim golaýladar, şonuň üçin geljekde Aý üçin güýmenjelerimizi we sportymyzy üýtgetmek hakda haçan pikirlenip başlajagymyzy diňe wagt kesgitlär" - diýdi. Kosmos gözlegleriniň ösdürilmegi "gerekli hünärli ýaş hünärmenleriň mümkin boldugyça has köp sanlysynyň ussatlygyny talap eder" -diýdi.


düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.7k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....