Google Windows-da smartfon bilen kompýuterleriň arasynda faýl alşyp-berişmek üçin funksiýany işe girizdi

  • 22.07.2023 19:35
  • 10k+

Google Android smartfonlary we Windows PK-laryň arasynda fotolary, wideolary we beýleki mazmuny paýlaşmagy aňsatlaşdyrýan täze funksiýanyň köpçülikleýin işe girizilendigini resmi taýdan yglan etdi.

Nearby Share (Töwerek bilen paýlaşmak) funksiýasy köp ýyl bäri gönüden-göni Android-e guruldy, ýöne ýaňy-ýakyna çenli ony diňe smartfonlaryň arasynda ulanylyp bolýardy. Aslynda, Nearby Share ulanyjylara ýerli simsiz birikme arkaly faýllaryň arasynda faýl geçirmäge mümkinçilik berýär, internet birikmesiniň zerurlygyny aradan aýyrýar we adaty Bluetooth geçirişlerinden has çalt tizlik berýär.
Android bilen Windows-yň arasynda Nearby Share 2023-nji ýylyň mart aýyndan bäri ABŞ ýaly birnäçe ýurtda beta görnüşinde bolup, häzirki wagtda ol doly işe girizildi. Google-yň berýän maglumatlaryna görä, goşundynyň beta görnüşi eýýäm 1,7 million gezekden gowrak ýüklenip alyndy. Windows üçin Nearby Share goşundysy hem geçirilýän suratlary deslap görmek we faýly geçirmek üçin takmyny wagtyň görkezilişi ýaly birnäçe täzelenmeleri aldy.
Mundan başga-da, Google käbir OC Windows öňünden gurlan kompýuter öndürijileri bilen şertnama baglaşdy - indi olar öňünden gurlan Nearby Share programmasy bilen geler. Ulanyjylar resmi web sahypasyndan Windows üçin Nearby Share-i hem gurup bilerler.


28.05.2026 18:53
1k+

Google Gemini üçin niýetlenen täze «Googlebook» noutbuk seriýasyny çykardy

Google kompaniýasy Gemini Intelligence we ChromeOS bilen işlemek üçin ýörite döredilen, premium derejeli «Googlebook» noutbuk seriýasyny tanyşdyrdy. Onuň ilkinji enjamlary 2026-njy ýylyň güýzünde satuwa çykar....

26.05.2026 19:15
1.5k+

Google iPhone-larda gurnalan gözlegi satyn alandygy barada kazyýet kararyna garşy şikaýat etdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kazyýetiniň «iPhone-larda» düýpden gurnalan gözleg ulgamy derejesi üçin «Apple-a» edilýän tölegleri bikanun diýip ykrar eden antimonopol kararyna garşy şikaýat berdi. Bu barada......

23.05.2026 11:13
2.6k+

Nintendo-nyň täze mobil goşundysy suratlary oýunlara öwürmäge mümkinçilik berer

Nintendo kompaniýasy iOS we Android ulanyjylaryna suratlary mini-oýunlara öwürmäge mümkinçilik berýän «Pictonico!» atly goşundysyny çykarar....

21.05.2026 16:26
1.5k+

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......