Virgin Galactic-iň kosmosa ikinji täjirçilik uçurylyşy 10-njy awgustda bolar

  • 19.07.2023 19:31
  • 5.9k+

Galactic 02 diýlip atlandyrylýan uçuş 10-njy awgustda Nýu-Meksikodaky Spaceport America kosmodromyndan amala aşyrylar. Bu, 29-njy iýunda Italiýanyň Harby-howa güýçleri we Milli gözleg geňeşi (CNR) üçin üstünlikli geçirilen missiýadan soň kompaniýanyň ikinji täjirçilik kosmos uçuşy bolar.

Uçuşa kosmosa professional gatnaşygy bolmadyk adamlardan we tejribeli uçarmanlardan ybarat ekipaž gatnaşar.

“VSS Unity orbital uçarynda 1972-nji ýylda geçirilen Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjy, 80 ýaşly Jon Gudwin we Space for Humanity telekeçilik däl gurama tarapyndan geçirilen ýaryşda ýeňiji bolan, Karib adalarynyň ýaşaýjylary Keýşa Şahaff we onuň gyzy Anasteýşa Maýers bolar” - diýip,  kompaniýanyň web sahypasyndaky beýannamada aýdylýar.

Ekipažy Wirgin Galactic-iň esasy astronawt-gözükdirijisi Bet Musa ugrukdyrar, bu onuň kosmosa dördünji uçuşy bolar. Şeýle hem kompaniýa missiýany web sahypasynda ýaýlyma bermegi meýilleşdirýär.
Virgin Galactic Jeff Bezosyň Blue Origin-i we Ilon Maskyň SpaceX-i bilen bir hatarda täjirçilik kosmos gatnawlaryny guramak bilen meşgullanýan az sanly amerikan kosmos kompaniýalarynyň hataryna girýär.

şu gün 06:43
949

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......

düýn 23:18
684

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
510

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

12.05.2026 23:21
6.5k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....