14-nji nesil Intel Core prosessorlarynyň haçan çykjakdygy belli boldy

  • 10.07.2023 21:33
  • 7.7k+

Hytaýyň Enthusiastic Citizen (ECSM) çeşmesi 14-nji nesil Intel Core prosessorlarynyň goýberiliş wagty barada jikme-jiklikleri paýlaşdy. Maglumata görä, bu prosessorlar şu ýylyň oktýabr aýynda - 42-nji hepdede, ýagny 17-nji oktýabrdan 23-nji oktýabr aralygynda çykarylar. Videocardz çeşmesi bu döwrüň Intel-iň entek çap edilmedik ýol kartasynda ýazylandygyny çaklaýar.

Satuw adatça iki bölege bölüner: oktýabr aýynda K indeks bilen kesgitlenen iň ýokary wersiýalar çykar, has ýönekeý we arzan modeller bolsa 2024-nji ýylyň başynda (megerem, CES sergisinde) çykar. Şeýlelikde, Intel 13-nji nesil Intel Core prosessorlarynyň goýberiliş wagtyny we tapgyrlaryny iş ýüzünde gaýtalaýar.
Täze CPU-lar häzirki LGA1700 enelik plataly prosessor rozetkasy bilen gabat geljekdigi bellendi. Core i7-14700K muňa girmez, sebäbi ol  8 ýokary öndürijilikli ýadro we 12 energiýa tygşytlaýjy täze konfigurasiýa almaly.
Şeýle-de, ECSM indiki nesil Intel-iň iş stol üsti prosessorlary – Arrow Lake hakda hem ýazýar. Bu täze rozetka bilen uly arhitektura täzelenmesi bolar (belki LGA1851). Bu CPU-lar üçin üç sany çipset çykar - Z890, B860 we H810.

şu gün 06:43
949

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......

düýn 23:18
684

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
510

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

12.05.2026 23:21
6.5k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....