Latwiýanyň täze saýlanan prezidenti wezipesine girişdi

  • 09.07.2023 00:21
  • 5.8k+

Latwiýanyň täze saýlanan prezidenti Edgars Rinkewiçs döwlet Baştutany wezipesine girişdi. Şenbe güni ol Seýmanyň (mejlisiň) nobatdan daşary mejlisinde prezidentiň Latwiýa wepalylyk kasamyny berdi.

"Meniň ähli işlerimiň Latwiýanyň halkynyň abadançylygyna bagyşlanjakdygyna kasam edýärin. Men Latwiýanyň konstitusiýasyny we ýurduň kanunlaryny berjaý ederin hem-de olara hormat goýaryn. Hemmelere adalatly gararyn we borçlarymy ynsap bilen ýerine ýetirerin" diýip, ol kasamyň tekstini okady.

49 ýaşly Rinkewiçs Latwiýa uniwersitetiniň Taryh we filosofiýa fakultetini, ABŞ-nyň Milli goranmak uniwersitetiniň milli çeşmeler strategiýasy kollejini gutardy. Žurnalist bolup birnäçe ýyl işlänsoň, döwlet gullugyna girdi. 1995-nji ýyldan bäri Latwiýanyň Daşary işler ministrliginde işledi, soňra prezident edarasyna, 2011-nji ýylda Daşary işler ministrligine ýolbaşçylyk etdi.

şu gün 18:17
95

Türkmenistanyň DIM-nde CARIСC bilen hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

6-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça Merkezi Aziýanyň sebitleýin maglumat beriş utgaşdyryş merkeziniň (CARIСС) direktory Mahmut Hamidowyň arasynda duşuşyk geçirildi...

şu gün 18:15
85

«Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki komitetiniň nobatdaky mejlisini geçirmek meseleleri maslahatlaşyldy

6-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklary gullugynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary Audrone Perkauskeneniň arasynda duşuşyk geçirildi...

şu gün 17:48
316

Gülüstan welaýatynda bilelikdäki türkmen-eýran söwda zolagyny döretmek meselesi maslahatlaşyldy

Eýranyň Gülüstan welaýatynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) çäklerinde Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda bilelikdäki söwda zolagyny döretmek boýunça Ikinji iş duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär...

şu gün 13:06
1.8k+

Waşingtonda «C5+1» formatynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli işewürlik maslahaty geçirildi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington şäherinde ýerleşýän Jon Kennedi adyndaky Ýerine ýetirijilik sungaty merkezinde «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» hyzmatdaşlyk formatynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli işewürlik maslahaty geçirildi...