Dünýäde iň kiçi kamera hödürlenildi. Onuň agramy 17g, bahasy 49 dollar

  • 08.07.2023 11:15
  • 20k+

Green Funding kraudfanding meýdançasynda dünýädäki iň kindiwanja kamerany çykarmak üçin serişde toplamak kampaniýasy başlandy. MiniCa-nyň agramy bary-ýogy 17g, ölçegi 40 x 47 x 36mm.

Kameranyň ölçeglerini fotosuratlardan we animasiýa şekillerinden hasaplap bolýar. Bu, hakykatdanam, islendik ýerde diýen ýaly aňsatlyk bilen gizläp bolýan kiçijik enjam.
Emma şol bir wagtyň özünde fizikany aldap bolmaz, şonuň üçin şeýle kameradan ýokary hilli suratlara garaşmaly dälsiňiz. Görnüşine görä, önümi döredijiler potensial alyjylara al salmaga synanyşmadylar we olaryň hut özleriniň beren suratlary hem häzirki zaman standartlary bilen deňeşdireňde näderejede ýaramazdygyny  görkezýär.
Kamera 3760 x 2128 piksel durulykda surata düşürip we Full HD-de wideo düşürip biler. Awtonomlygy 60 minutlyk wideo ýazgy üçin ýeterlikdir. Şeýle hem, microSD üçin ýeriň we diagonaly 0,96 dýuým ekranyň bardygyny belläp bilersiňiz.

Kampaniýa eýýäm üstünlikli geçdi, sebäbi döredijiler zerur mukdardan bir ýarym esse köp ýygnadylar we ätiýaçda bolsa ýene 25 gün bar. Kameranyň bahasy kraudfandingiň çäklerinde 49 dollardan başlaýar.

şu gün 06:43
949

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......

düýn 23:18
684

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
510

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

12.05.2026 23:21
6.5k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....