Marca neşiri möwsümiň iň gowy futbolçysyny saýlady

  • 03.07.2023 12:11
  • 20k+

Ispaniýanyň “Marca” neşiri 2022/23-möwsüminiň iň gowy futbolçylarynyň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny “Mançester Sitiniň” norwegiýaly hüjümçisi Erling Holand eýeledi. Ikinji orunda “Inter Maýaminiň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messi ýerleşdi, üçlügi Madridiň “Realyndan” braziliýaly Winisius Žunior jemleýär. Reýtingiň ilkinji bäşligine “Pari Sen-Žermeniň” oýunçysy Kilian Mbappe we “Mançester Sitiden” belgiýaly Kewin de Brýoýne hem girdi diýip, gazeta.ru belleýär.

Holand geçen möwsümde “Mançester Sitiniň” iň gowy oýunçysy diýlip saýlandy. Ol ähli ýaryşlarda 52 oýna gatnaşyp, 52 gol geçirdi we dokuz netijeli geçirim etdi.
Belläp geçsek, bu norwegiýaly oýunçy üçin Angliýanyň Premýer-ligasynda ilkinji möwsüm. Onuň klub bilen şertnamasy 2027-nji ýyla çenli niýetlenýär. Ol 2022/23-möwsüminde topar bilen bilelikde Angliýanyň çempionatyny, ýurduň Kubogyny we Çempionlar ligasyny utdy.


şu gün 15:42
1.5k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

düýn 20:28
10k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
11k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.6k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......