Nike-yň arassa girdejisi IV maliýe çärýeginde 28,5% peseldi

  • 02.07.2023 17:06
  • 3.3k+

Sport harytlaryny öndüriji Nike Inc. dördünji maliýe çärýeginde arassa girdejisini ep-esli azaltdy, görkeziji bazaryň çaklamasyndan ýaramaz boldy diýip, interfax.ru belleýär.

Kompaniýanyň metbugat gullugynda habar berlişi ýaly, 31-nji maýda tamamlanan çärýegiň jemi boýunça arassa girdeji geçen ýylyň degişli döwründäki 1,44 mlrd dollar ýa-da paý üçin 0,90 dollar bilen deňeşdirilende, 1,03 mlrd dollara ýa-da paý hasabynda 0,66 dollara çenli azaldy.
FactSet tarapyndan sorag edilen analitikler bu görkezijiniň paý üçin ortaça 0,68 dollar derejesinde bolmagyny çaklapdylar.
Nike-iň çärýek girdejisi 5%, 12,83 mlrd dollara çenli ýokarlandy. Puluň hümmetiniň üýtgemegini hasaba almazdan, görkeziji 8% ýokarlandy.
Hytaýda (Gonkongy, Makaony we Taýwany goşmak bilen) Nike-iň girdejisi kowide garşy çäklendirmeleriň ýatyrylmagy netijesinde 16%, 1,81 mlrd dollara çenli ýokarlandy. Demirgazyk Amerikada satuw 5% ýokarlanyp, 5,355 mlrd dollar boldy. Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika sebitlerinde girdeji 3%, 3,35 mlrd dollara, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde we Latyn Amerikasynda 1%, 1,7 mlrd dollara çenli ýokarlandy.
Umuman, 2023-nji maliýe ýylynyň jemi boýunça Nike-yň girdejisi 10% ýokarlanyp, 51,2 mlrd dollar, arassa girdejisi 16% peselip, 5,1 mlrd dollar boldy.
Täze maliýe ýylynda kompaniýa girdejiniň 4-6% ýokarlanmagyna garaşýar diýip, baş maliýe müdiri Mettýu Frend belledi.


25.12.2025 11:05
2.9k+

Tim Kuk Nike-yň 3 million dollarlyk paýnamasyny satyn aldy, şondan soň olaryň bahasy 5% ýokarlandy

Apple-yň baş direktory Tim Kuk Nike kompaniýasynyň takmynan 3 million dollarlyk paýnamasyny satyn aldy. Reuters agentliginiň habar bermegine görä, işewür kompaniýanyň çärýeklik hasabatynyň gowşak çykmagy sebäpli nyrhlar pese gaçandan soň, her biri 58,97 dollardan bolan 50 müň sany paýnamany satyn aldy...

20.10.2025 17:43
1.9k+

Forbes zenanlar üçin iň gowy kompaniýalaryň reýtingini düzdi: Netflix, Apple we Coca-Cola

Soňky ýüz ýylda dünýäniň köp böleginde zenanlaryň iş şertleri düýpli üýtgedi – häzirki günde olar giň mümkinçiliklere we hukuklara eýe bolup, köp kärde zähmet çekip bilýär. Şeýle-de bolsa, Deloitte Global Women @ Work 2025 gözleginiň görkezişi ýaly, deňlik barada gürlemekden entek ir...

23.03.2025 18:47
3.4k+

Nike satuwlarynyň 20%-e çenli pese gaçyp biljekdigini duýdurdy

Sport harytlaryny, egin-eşikleri we aýakgaplary öndürýän dünýäniň iň iri korporasiýalaryndan biri bolan Nike şu çärýegiň ahyrynda satuwlarynyň pese gaçyp biljekdigini duýdurdy. Munuň sebäbi bolsa, ABŞ-nyň hökümeti...

20.09.2024 22:44
4.8k+

Nike-yň ýolbaşçysy wezipeden gidýär: bu paýnamalaryň gymmatlamagyna getirdi

Nike kompaniýasynyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji müdiri Jon Donahýu 2024-nji ýylyň 14-nji oktýabryndan wezipeden gider. Bu barada kompaniýanyň müdirler geňeşiniň beýanynda habar berilýär. Kompaniýanyň ýolbaşçysy...