UEFA Superkubok ugrundaky oýunlaryň geçiriliş görnüşini üýtgetdi

  • 01.07.2023 14:17
  • 13k+

Mundo Deportivo ispan neşirinde UEFA-nyň Ýewropanyň Superkubogy ugrundaky oýnuň formatyny üýtgedendigi habar berilýär.

Täze girizilen üýtgeşmelere görä, oýna berlen esasy wagtda yzygiderli deňme-deň oýnalsa, garşydaşlaryň hersi 15 minutdan iki goşmaça ýarym oýny oýnamagyň ýerine, derrew 11 metrlik jerime urgusyna başlarlar.
2023-nji ýylda geçiriljek UEFA-nyň Superkubogy ugrundaky oýunda 2022/2023 möwsüminde Çempionlar ligasynda ýeňiji bolan “Mançester Siti”, şeýle hem Ýewropa ligasynyň häzirki ýeňijisi bolan “Sewilýa” oýnar. Duşuşyk 16-njy awgustda, çarşenbe güni, Pireýde (Gresiýa), “Karaiskakis” stadionynda geçiriler.
Kubogyň häzirki eýesi frankfurtly “Aýntraht”-dan üstün çykan madridli “Real”-dyr (2:0).


düýn 23:07
1.4k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.7k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....