«Çelsiniň» ýarym goragçysy Kowaçiç «Mançester Siti» klubuna geçdi

  • 28.06.2023 17:30
  • 13k+

Horwatiýaly futbolçy Mateo Kowaçiç «Mançester Siti» klubuna geçdi. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär.

Şertnama dört ýyla niýetlenen.
29 ýaşly ýarym goragçy ondan öň bäş möwsümläp «Çelside» çykyş etdi we 221 oýna gatnaşdy. «Çelsiniň» düzüminde Kowaçiç Çempionlar ligasynda, Ýewropa ligasynda, UEFA Superkubogynda, Klublaýyn dünýä çempionatynda ýeňiji boldy.
Horwatiýanyň düzüminde ol 2018-nji ýylda Russiýada geçen dünýä çempionatynda kümüş medal we 2022-nji ýylda Katarda geçen dünýä çempionatynda bürünç medal aldy.


şu gün 14:25
6.6k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

şu gün 10:36
2.6k+

«Real» Bernardo Silwany alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» ýarymgoragçy Bernardo Silwanyň toparyna goşulandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk etdi we karýerasyny Ispaniýada dowam......

şu gün 09:54
1.2k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

düýn 13:03
14k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......