Ilkaý Gündogan «Mançester Sitiden» «Barselona» geçdi

  • 27.06.2023 13:53
  • 16k+

Ilkaý Gündogan erkin agent görnüşinde «Barselona» geçdi.

Katalon klubunyň Metbugat gullugy ýarym goragçy bilen ylalaşyk gazanandyklaryny habar berdi. Gündoganyň «Mançester Siti» bilen şertnamasy 30-njy iýunda tamamlanýardy.
Gündoganyň «Barselona» bilen şertnamasy 2025-nji ýylyň iýunyna çenli niýetlenýär we bir möwsüm uzaltmak mümkinçiligi bar. Ilkaýyň täze klubda öwez tölegi — 400 mln ýewro bolar.
Gündogan «Mançester Sitide» 2016-njy ýyldan bäri çykyş edip gelýär. Klubuň düzüminde ol 5 gezek Angliýanyň çempiony boldy, dört gezek Liga kubogyny, iki gezekden Kubogy we Angliýanyň Superkubogyny aldy, şeýle hem Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy.


düýn 15:58
7.9k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
4.5k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.1k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
14k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......