“Mançester Siti” goragçy boýunça iň gymmat şertnamany baglaşyp biler

  • 26.06.2023 14:59
  • 18k+

Germaniýanyň “Leýpsig” toparynyň horwatiýaly futbolçysy Ýoşko Gwardiol Angliýanyň “Mançester Sitisine” geçen ýagdaýynda dünýädäki iň gymmat goragçy bolup biler. Bu barada Sky Sports-a salgylanyp, rsport.ria.ru belleýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, “Mançester Siti” Gwardiol üçin 90 mln ýewro we bonuslar hödürleýär. Öň, 21 ýaşly oýunçynyň angliýaly klub bilen şertnama barada eýýäm dilden ylalaşandygy habar berildi.
Häzirki wagtda dünýäniň iň gymmat goragçysy Angliýanyň “Lester” klubundan “Mançester Ýunaýtede” 87 mln ýewro geçen Garri Maguaýrdyr.
Gwardiol “Leýpsige” 2021-nji ýylda Zagrebiň “Dinamosyndan” geçdi. Geçen möwsüm ol topar üçin 41 oýna gatnaşyp, üç gol geçirdi. Ol iki gezek Horwatiýanyň çempiony, ýurduň Kubogynyň we Super kubogynyň eýesi, şeýle-de iki gezek Germaniýanyň Kubogynyň ýeňijisidir.


şu gün 14:25
8.4k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

şu gün 10:36
2.8k+

«Real» Bernardo Silwany alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» ýarymgoragçy Bernardo Silwanyň toparyna goşulandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk etdi we karýerasyny Ispaniýada dowam......

şu gün 09:54
1.2k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

düýn 13:03
15k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......