Ispaniýa UEFA Milletler ligasynyň ýeňijisi boldy. Italiýa üçünji ýer.

  • 19.06.2023 13:49
  • 13k+

Ispaniýanyň milli ýygyndysy UEFA Milletler ligasynyň final duşuşygynda oýundan soňky 11 metrlik urgular boýunça Horwatiýadan üstün çykdy. Duşuşyk ýekşenbe güni Niderlandlaryň Rotterdam şäherinde geçirildi.

Duşuşygyň esasy hem goşmaça wagty 0:0 hasabynda tamamlandy. Oýundan soňky 11 metrlik urgularda ispaniýalylar 5:4 hasabynda üstün çykdylar.
Milletler ligasynyň bu gezekki ýaryşy taryhda üçünji boldy. Ispaniýa ýaryşda ilkinji gezek ýeňiş gazandy. Ondan öň, Portugaliýa (2019) we Fransiýa (2021) çempion bolupdy.
Şeýle hem ýekşenbe güni Enshedde (Niderlandlar) geçirilen duşuşykda Italiýanyň futbolçylary 3:2 hasabynda Niderlandlary ýeňip, ýaryşda üçünji orny eýelediler.
UEFA Milletler ligasynyň maksady ýoldaşlyk duşuşyklaryny güýç taýdan deň bolan resmi oýunlar bilen çalşyrmak bolup durýar. Milletler ligasynyň final tapgyryna iň güýçli diwizionyň toparlarynyň dört sany ýeňijisi çykýar.
Milletler ligasynyň indiki ýaryşyny 2024-nji ýylyň sentýabryndan 2025-nji ýylyň iýun aýlarynda geçirmek meýilleşdirilýär.


düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.7k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....