Rejep Taýyp Ärdogan 3-nji iýunda kasam kabul eder

  • 02.06.2023 12:15
  • 10k+

Täze möhlete gaýtadan saýlanan Türkiýäniň prezidenti Taýyp Ärdogan 3-nji iýunda parlamentde kasam eder we şol gün ýurduň täze hökümetiniň düzümini yglan eder. Muny penşenbe güni T-24 teleýaýlymynda Türkiýäniň prezidentiniň administrasiýasynyň aragatnaşyk bölüminiň başlygy Fahrettin Altun habar berdi.

Altyn: "Ärdoganyň kasam kabul edişligi parlamentde geçiriler. Soňra ol prezident köşgünde kasam kabul ediş dabarasyna gelen daşary ýurtly ýolbaşçylary we wekilleri kabul eder. Şol gün agşam prezidentimiz täze hökümetiň düzümini yglan eder" - diýdi.

Ankaranyň syýasy toparlarynyň çeşmesiniň TASS-a beren habaryna görä, Ärdogan kasam kabul etjek ýeri bolan parlamente ýerli wagt bilen sagat 14: 00-da (Moskwa wagtyna gabat gelýär) geler. 15:00-da ol Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy Kemal Atatürküň mawzoleýine baryp görer we şol ýerden Beştepe prezident toplumyna baryp, kasam kabul ediş dabarasy mynasybetli Türkiýä gelen daşary ýurt wekillerini kabul eder. Ol ýerde olaryň hormatyna agşamlyk naharyny berer we sagat 22:00-da täze hökümetiň düzümini yglan eder.
Penşenbe güni Türkiýäniň Merkezi saýlaw topary 28-nji maýda geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň jemleýji netijelerini yglan etdi. Saýlawyň netijelerine görä, Ärdogan 52,18% ses alyp, gaýtadan saýlanan döwlet baştutany diýlip ykrar edildi, bäsdeşi, oppozisiýanyň lideri Kemal Kylyçdaroglu 47,82% ses aldy.

düýn 14:43
7.4k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

14.05.2026 18:54
5.1k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
2.2k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......