Crew Dragon kosmiki gämisi syýahatçylar bilen Atlantik ummanyna üstünlikli gondy

  • 02.06.2023 12:16
  • 15k+

Crew Dragon kosmiki gämisi ekipažy bilen Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) 9 günlük täjirçilik uçuşyndan soň Ýere üstünlikli gaýdyp geldi diýip, Axiom Space-iň web sahypasyna salgylanyp, Trend habar berýär.

SpaceX kosmos gämisi HKS-den aýrylandan takmynan 12 sagat soň atmosferanyň dykyz gatlaklaryna girdi. Bäş ýarym kilometr belentlikde Crew Dragon esasy paraşýutlaryny açdy we birnäçe minutdan Floridanyň kenarýakasyna golaý ýere — Atlantik ummanyna gondy.
Crew Dragon -yň bu uçuşy täjirçilik Axiom-2 maksatnamasynyň çäginde amala aşyryldy. Ekipažyň serkerdesi NASA-nyň öňki astronawty we HKS-iň ilkinji aýal serkerdesi Peggi Uitson, piloty bolsa telekeçi Jon Şoffnerdi. Şeýle hem, ekipažyň düzümine Saud Arabystanynyň astronawtlary Raýan Barnaui we Ali al-Karni girdi.
Sekiz günläp astronawtlar HKS-iň hemişelik ekipažy bilen bilelikde işlediler.

şu gün 06:43
949

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......

düýn 23:18
684

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
510

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

12.05.2026 23:21
6.5k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....