Latwiýanyň DIM-niň ýolbaşçysy Edgars Rinkewiçs ýurduň prezidenti saýlandy

  • 31.05.2023 18:55
  • 5.5k+

Latwiýanyň Seými (parlament) häzirki daşary işler ministri Edgars Rinkewiçsi ýurduň prezidenti saýlady. Bu barada TASS habar berýär.

“Çarşenbe güni, 31-nji maýda Seým Edgars Rinkewiçsi prezident saýlady. Saýlawlaryň üçünji tapgyrynda Rinkewiçsiň dalaşgärligini 52 deputat goldady, 35 deputat garşy boldy” – diýlip, Seýmiň saýtynda ýerleşdirilen beýanda aýdylýar.
“Meniň üçin Latwiýa Respublikasynyň prezidenti saýlanmagym uly hormat, men Latwiýanyň halkyna gowy hyzmat etmek üçin mümkin bolan ähli zady ederin. Men parlamentiň agzalaryna bildirilen ynam üçin minnetdar” – diýip, Rinkewiçs Twitterde belledi.

Latwiýanyň prezidenti Seýmiň deputatlarynyň sesleriniň aglaba köplügi bilen (100-den 51) dört ýyl möhlete saýlanýar. Ikinji ses berişligiň dowamynda Rinkewiçs 42 deputatyň, arhitektor, işewür we syýasatçy Uldis Pilens 25 deputatyň, jemgyýetçilik dolandyryşy boýunça hünärmen we Ýewropadaky Latwiýa diasporasynyň aktiwisti Elina Pinto 10 deputatyň goldawyna eýe boldy.
Rinkewiçs Latwiýanyň DIM-niň başlygy wezipesini 2011-nji ýyldan bäri eýeleýär.


12.12.2025 16:27
1.6k+

Mejlisiň Başlygy Latwiýanyň täze bellenen ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Latwiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Girts Ýaunzemsden ynanç hatyny kabul etdi...

10.12.2025 10:44
871

Latwiýanyň täze ilçisi Türkmenistanyň DIM-nde ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

8-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Latwiýanyň ýurdumyzda täze bellenen ilçisi Girts Ýaunzemsden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ilçi diplomatik işini Daşkent şäherinde oturýan ýerinden alyp barar...

18.11.2025 11:34
1.4k+

Serdar Berdimuhamedow Latwiýanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Latwiýanyň Prezidenti Edgar Rinkewiçe Latwiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Edgar Rinkewiçe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Latwiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi...

28.03.2025 19:19
4.4k+

Rigada türkmen-latwiýa syýasy geňeşmeleri geçirildi

26-njy martda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Latwiýa amala aşyran iş saparynyň çäginde Döwlet sekretarynyň orunbasary – Latwiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň syýasy...