Şol bir wagtyň özünde Ýeriň orbitasynda bolýan adamlaryň sany boýunça rekord täzelendi

  • 30.05.2023 15:42
  • 17k+

Hytaýyň «Şençžou-16» kosmos gämisi uçurylandan soň, bir wagtyň özünde Ýeriň orbitasynda bolýan adamlaryň sany 17-ä ýetdi. Bu täze rekord bolup durýar.

Öňki rekord 2021-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda goýlupdy. Şonda orbitada 14 adam ýygnanypdy: iki russiýaly, üç amerikaly, HKS-de bir ýapon we bir fransuz, Şençžou-12 kosmos gämisinde Hytaýdan üç kosmonawt we Crew Dragon kosmos gämisinde hususy missiýanyň çäginde ABŞ-nyň dört raýaty.
Ondan öňki rekord çärýek asyrlap saklanypdy. 1995-nji ýylyň mart aýynda 13 adam bir wagtyň özünde orbitada bolupdy: Russiýanyň “Mir” stansiýasynda alty kosmonawt, ýedi adam Amerikanyň “Indewor” kosmos gämisinde.


09.01.2026 11:28
6.4k+

Hytaý dünýäniň iň çalt otlusyny jemleýji synaglara taýýarlaýar

2026-njy ýylda dünýäniň iň çalt elektrik otlusy bolan CR450 ýolagçy gatnawlaryna rugsat almak üçin iň soňky "ulanylyş bahalandyrmasyndan" geçer. Hytaýyň China Railway Rolling Stock Corporation (CRRC) korporasiýasy demir ýol infrastrukturasyna 520 milliard ýuan maýa goýmagy we 2000 kilometrden gowrak täze ýoly işe girizmegi meýilleşdirýär...

26.12.2025 09:16
7.6k+

Hytaýly inženerler magnitli platformany 2 sekuntda 700 km/s tizlige çykardylar

Hytaýda geçirilen synaglaryň barşynda köp tonnalyk elektromagnit dartyş güýji bilen işleýän wagon-platformany bary-ýogy iki sekundyň içinde 700 km/s tizlige çykarmak başartdy. CCTV-niň habar bermegine görä, bu görkeziji şeýle gurluşlar üçin dünýä rekordy boldy...

23.12.2025 18:27
5.7k+

Ýaponiýa lazer aragatnaşygy arkaly 2 Tbit/s tizlikde maglumat geçirip, dünýä rekordyny goýdy

Ýaponiýanyň Milli maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary instituty (NICT), şäher gurşawynda lazer şöhlesiniň kömegi bilen maglumatlary 2 Tbit/s tizlikde üstünlikli geçirip, erkin giňişlikdäki optiki aragatnaşyk (FSO) boýunça dünýä rekordyny yglan etdi...

11.12.2025 09:36
1.2k+

SpaceX kompaniýasy Falcon 9-yň birinji basgançagyny 32-nji gezek uçuryp, rekord goýdy

2025-nji ýylyň 8-nji dekabrynda (Aşgabat wagty bilen 9-njy dekabrda 03:26) SpaceX kompaniýasy Group 6-92 missiýasyny ýerine ýetirmek bilen, Starlink hemralarynyň täze toplumyny üstünlikli uçurdy. Floridadaky Kennedi kosmodromyndan uçuryş Falcon 9 raketasynyň B1067 belgili birinji basgançagynyň 32-nji uçuşy boldy we bu yzyna gaýtarylýan basgançaklary gaýtadan ulanmagyň sany boýunça täze rekorddyr...