Zidan arap kluby bilen 150 mln dollarlyk rekord şertnamadan ýüz öwürdi

  • 29.05.2023 13:59
  • 17k+

Foot Mercato neşiriniň habar berşi ýaly, ýakynda ispaniýaly tälimçi Rudi Garsiýa bilen aýrylyşan “Al-Nasr” klubunyň ýolbaşçylygy Madridiň “Realynyň” öňki tälimçisi we taryhyň iň gowy futbolçylaryndan biri Zinedin Zidana rekord teklibi – jemi 150 mln dollara 2 ýyllyk şertnama hödürledi. Eger Zidan bu şertnama gol çekmäge razy bolan bolsa, onda futbol taryhynda iň ýokary hak alýan tälimçi bolardy. Muňa garamazdan, neşiriň maglumatlaryna görä, fransiýaly hünärmen Saud Arabystanyndan gelen teklipden ýüz öwürdi diýip, forbes.kz ýazýar.

Foot Mercato-nyň çeşmeleriniň nygtaýşy ýaly, Zidan öňdebaryjy bäş ýewropa çempionatynda (Angliýa, Ispaniýa, Germaniýa, Italiýa we Fransiýa) çykyş edýän klublaryň birinde tälimçilik karýerasyna dolanyp barmagy göz öňünde tutýar.
Zinedin Zidan taryhda yzygider üç gezek Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanmagy başaran ilkinji tälimçi boldy. 2015-nji ýyldan 2020-nji ýyl aralygynda Madridiň “Realynyň” baş tälimçisi wezipesinde ol iki Ispaniýanyň çempionatynda, iki Ispaniýanyň Super kubogynda, iki UEFA-nyň Super kubogynda we iki Klublaýyn dünýä çempionatynda ýeňiş gazandy.
Oýunçy hökmünde Zinedin Zidan Fransiýanyň milli ýygyndysy bilen dünýä we Ýewropa çempionatlaryny utdy we üç gezek dünýäniň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi.


düýn 15:47
4.4k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

düýn 15:39
3.4k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....

düýn 10:31
5k+

Arbeloa «Reala» kubok getirip bilmedi we wezipesinden gidýär

Ispaniýaly hünärmen Alwaro Arbeloa geçirilen metbugat maslahatynda möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Real» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini mälim etdi....

23.05.2026 21:06
2.9k+

La Liga eminleriň işine baha bermek we olary bellemek üçin emeli aň ulanar

La Liga indiki möwsümden başlap, eminleriň işine baha bermek we oýunlara eminleri saýlap almak üçin emeli aň ulgamyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Madridde geçirilen ISDE Sports Convention 2026......