Angliýanyň çempionatynyň iň gowy oýunçysy saýlandy

  • 28.05.2023 15:35
  • 13k+

«Mançester Sitiniň» hüjümçisi Erling Holand häzirki möwsümde Angliýanyň premýer-ligasynyň (APL) iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi. Bu barada ýaryşyň resmi Twitterine salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

Holand Angliýada ilkinji möwsümini geçirip, “Siti” üçin ýurduň çempionatynyň 35 oýnunda 36 gol saldy. Umuman alanyňda, Holandyň hasabynda topar üçin 51 oýunda 52 gol bar.
Baýrak ugrundaky göreşde norwegiýaly oýunçy topardaşy belgiýaly Kewin de Brýoýneden, Londonyň “Arsenalynyň” oýunçylary Bukaýo Sakudan we Martin Edegordan, “Nýukasl Ýunaýtedden” Kiran Tripperden, “Tottenhem Hotspurdan” Garri Keýnden we “Mançester Ýunaýtedden” Markus Reşforddan öňe geçdi.


şu gün 14:25
6.6k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

şu gün 10:36
2.6k+

«Real» Bernardo Silwany alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» ýarymgoragçy Bernardo Silwanyň toparyna goşulandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk etdi we karýerasyny Ispaniýada dowam......

şu gün 09:54
1.2k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

düýn 13:03
14k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......