2022-nji ýylda dünýäde açlyk çekýän adamlaryň sany 828 mln boldy

  • 27.05.2023 10:09
  • 12k+

2022-nji ýylda dünýäde açlykdan ejir çekýän adamlaryň sany 828 mln adama barabar boldy diýip, FAO-nyň RF bilen aragatnaşyklar boýunça müdiri Oleg Kobýakow Ýewraziýanyň ykdysady forumynyň çäginde geçirilen “Agro-senagat toplumynyň häzirkizaman ösüş paradigmasy: global kynçylyklar, açylýan mümkinçilikler” sessiýasynda aýtdy. Bu barada interfax.ru habar berýär.

“Ýedi ýyl mundan ozal dünýä jemgyýetçiligi 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüşi gazanmak borjuny öz üstüne alypdy we esasy maksatlaryň biri hökmünde 2030-njy ýyla çenli açlygy doly ýok etmek hem-de azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bolupdy. Biz häzir nirede barýarys? Gynansak-da, soňky kowidden öňki ýylda, takmynan, 680 milliona barabar bolan dünýäde açlyk çekýän adamlaryň sany azalmady. FAO-nyň we onuň dünýäde azyk howpsuzlygy we iýmitlenme ýagdaýy barada her ýyl hasabat çykarýan hyzmatdaşlarynyň maglumatlaryna görä, geçen ýyl 828 mln adam açlykdan ejir çekdi” – diýip, ol belledi.

Onuň pikiriçe, iýul aýynyň ortalarynda hödürlenjek we baha beriji bölegi öz içine aljak täze hasabatda hem bu görkezijiler kän gowulaşmaz.
Onuň aýtmagyna görä, açlygy ýok etmek – bu wezipäniň diňe bir bölegi. Ikinjisi – ilaty doly derejeli iýmitlenme bilen üpjün etmek. “Häzirki wagtda dünýädäki 8 milliard adamdan 3 milliarddan gowragy sagdyn iýmitlenip bilmeýär” – diýip, ol habar berdi.
Kobýakow 2030-njy ýylda açlyk çekýän adamlaryň sany boýunça dünýäniň 2019-njy ýyldaky derejesinde bolup biljekdigini hem belledi.

düýn 14:43
7.4k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

14.05.2026 18:54
5.1k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
2.2k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......