Irlandiýa dünýäde ilkinji bolup alkogolyň zyýany barada açyk bellik girizdi

  • 24.05.2023 10:13
  • 15k+

Irlandiýada alkogol önümlerine saglyga ýetjek zyýan, onkologiýa keselleriniň döreme töwekgelçiligi we bagra zyýan ýetmegi barada bellik girizildi. Bu barada kanuna Irlandiýanyň Saglygy goraýyş ministri Stiwen Donnelli gol çekdi. Ol Irlandiýanyň muny dünýäde ilkinji bolup ýola goýandygyny belledi. Bu barada rbc.ru habar berýär.

Kanun 2026-njy ýylyň 22-nji maýyndan başlap güýje girer, öndürijileriň we satyjylaryň öwrenişmegi üçin geçiş döwri göz öňünde tutuldy.
Kanun alkogol önümleriniň etiketkalarynda önümdäki kaloriýa mukdarynyň we alkogol gramynyň görkezilmegini göz öňünde tutýar. Mundan başga-da, çüýşelerde we gaplarda göwrelilik döwründe alkogol içmegiň howply taraplary, şeýle-de alkogol netijesinde bagyr keselleriniň we ölüm bilen gutarjak onkologiýa keselleriniň ýüze çykma howpy barada açyk duýduryşlar peýda bolar.
Şeýle bellikleriň pablarda we beýleki alkogoly içip boljak köpçülik ýerlerinde-de ulanylmagy göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda köp ýurtlarda şeýle duýduryşlar çilim gaplarynda ýerleşdirilýär.
Irlandiýada alkogol içgilerini içmegiň iň ýokary derejesi 2001-nji ýylda boldy, şonda bir adam ýylda ortaça 14,3 litr arassa alkogol içýärdi. Saglygy goraýyş pudagynda gözlegler boýunça geňeşiň maglumatlaryna görä, häzir bu görkeziji 10,2 litre çenli peseldi.

düýn 14:43
7.4k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

14.05.2026 18:54
5.1k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
2.2k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......