“Titanigiň” ilkinji sanly nusgasy 700 müň fotografiýanyň esasynda döredildi

  • 19.05.2023 16:45
  • 34k+

1912-nji ýylda Demirgazyk Atlantikanyň suwlarynda gark bolan “Titanik” ýolagçy gämisiniň ilkinji sanly nusgasy Beýik Britaniýada döredildi. “The Times” gazetiniň habar bermegine görä, 700 müň töweregi fotografiýany öz içine alýan bu göwrümli taslama suwasty surata düşürmelere ýöriteleşen Magellan kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy diýip, TASS belleýär.

Uzak aralykdan dolandyrylýan suwasty enjamlaryň kömegi bilen kompaniýanyň hünärmenleri 111 ýyldan gowrak wagt bäri 3,8 km çuňlukda ýatan gäminiň 3D modelini döretdiler. Atlantic Productions telewizion kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda olar gäminiň korpusynyň örtüginden we ägirt perlerinden başlap, açylmadyk şampan çüýşelerine we heläkçiligiň bolan ýerinde zyňlyp ýatan onlarça jübüt aýakgaplara çenli ähli detallary ýokary durulykda surata düşürdiler.
Model “Titanigiň” iki bölegini-de – gämi döwlenden soň dürli traýektoriýa we tizlik bilen suwuň düýbüne çöken burun we yz tarapyny öz içine aldy, häzir bu bölekler biri-birinden 800 metr töweregi aralykda ýerleşýär.
Taslamanyň esasy maksady hökmünde awtorlar diňe bir gäminiň böleklerini jikme-jik öwrenmek däl-de, eýsem heläkçiligiň sebäplerine has gowy düşünmek üçin täze gözlegleri geçirmek mümkinçiligini belleýärler.
Belläp geçsek, “Titanigiň” heläkçilige uçramagynyň esasy sebäbi gara diýlip atlandyrylýan, ýagny düňderilen, hiç hili öwüşgini bolmadyk gara-gök reňkli aýsberg boldy diýlip hasaplanýar. Gäminiň bortunda 2 224 adam bardy, şolardan 1 513 adam öldi. Gäminiň bölekleri diňe 1985-nji ýylda tapyldy.

şu gün 10:41
87

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
365

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
6.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
8.1k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......