NATO-nyň Baş sekretary 2023-nji ýylyň güýzünde wezipesinden gitjekdigini tassyklady

  • 16.05.2023 23:53
  • 11k+

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg 2023-nji ýylyň güýzünde ygtyýarlylyk möhleti tamamlanandan soň wezipesinden gitjekdigini tassyklady. Bu barada ol Kopengagende geçirilen "Demokratiýa sammitinde" aýtdy, onuň çykyşy bileleşigiň saýtynda ýaýlyma berildi.

"Men şu güýzde wezipämden gitmekden başga meýilnamamyň ýokdugyny aç-açan aýtdym. Men bu wezipede ilkibaşda meýilleşdirilenden iki esse köp bolaryn we bu meniň şu babatda bar aýdyp biljek zadym" - diýip, Stoltenberg belledi.

Şeýle-de, ol bileleşigiň ýurtlarynyň onuň ýerine "gowy dowam etdiriji" tapjakdygyna ynam bildirdi.
Demirgazyk Atlantik bileleşiginiň resmi wekili Oana Lungesku 12-nji fewralda DPA agentligi bilen söhbetdeşlikde Stoltenbergiň 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda tamamlanýan ygtyýarlylyk möhletini uzaltmak isleginiň ýokdugyny aýtdy. Agentligiň belleýşi ýaly, ol öz ygtyýarlylygyny eýýäm üç gezek uzaltdy we Baş sekretar wezipesini tas dokuz ýyl bäri eýeleýär. Netijede, Stoltenberg güýzde wezipeden gitjekdigini aýtdy.

düýn 14:43
7.1k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

14.05.2026 18:54
5.1k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
2.2k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......