GDA ýurtlarynyň II oýunlaryna gatnaşyjylar we meýletinçiler üçin wiza düzgüni ýatyryldy

  • 15.05.2023 12:23
  • 7k+

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko GDA ýurtlarynyň II oýunlaryny respublikada geçirmäge taýýarlanmak we geçirmek baradaky permana gol çekdi, bu perman gatnaşyjylar we meýletinçiler üçin birnäçe artykmaçlyklary we ýeňillikleri kesgitleýär. Bu barada şenbe güni BelTA gullugy habar berdi.

“Olaryň arasynda Belarusa wizasyz giriş, ýurduň çäginde hasaba alynmak zerurlygyndan boşatmak, jemgyýetçilik ulaglaryndan mugt peýdalanmak, mugt iýmit, ýaşaýyş jaýy, logistika, ulag çykdajylarynyň mukdaryna girdeji salgydynyň salynmagyndan boşatmak we beýleki goldawlar bar" - diýip habarda bellenýär .

GDA ýurtlarynyň II oýunlary 5-nji awgustdan 13-nji awgust aralygynda Belarusuň 11 şäherinde 20 sport görnüşi boýunça geçiriler.
GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň maksatnamasyna woleýbol, çeper gimnastika, ýeňil atletika, 3x3 basketbol, gandbol, boks, suwda ýüzmek we beýleki sport ýaryşlary girdi. GDA ýurtlarynyň türgenlerinden başga-da, Siriýa, Eýran, Müsür, Saud Arabystany, Hytaý, Malaýziýa, Liwan, Birleşen Arap Emirlikleri, Wýetnam we Kuba ýaly ýurtlaryň türgenleri hem gatnaşar.
GDA ýurtlarynyň I oýunlary 2021-nji ýylda Kazanda geçirilipdi.


24.04.2025 23:24
3k+

Azerbaýjanda geljekki GDA ýurtlarynyň III oýunlarynyň tumarlary saýlandy

Azerbaýjanda geçiriljek GDA ýurtlarynyň III oýunlarynyň guramaçylyk komiteti geljekki ýaryşyň tumarlaryny saýlady. Olar alajaplaňlar (leopard) Babir we Leýla boldy diýip, guramaçylyk komitetine salgylanyp, BELTA habar berýär...

15.02.2025 08:42
7.3k+

Türkmen samboçylary Belarusda geçen halkara ýaryşda 13 medal aldylar

Türkmen samboçylary Minskde geçirilen Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýragy ugrundaky XXIX halkara ýaryşynda 13 medal gazandylar. Olaryň hasabynda - 1 altyn, 4 kümüş we 8 bürünç medal bar. Bäsleşige 9 döwletden...

16.02.2024 11:23
7.9k+

Türkmen samboçylar Minskide halkara ýaryşda 15 medal gazandylar

Minskide geçirilen Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýraklary ugrunda XXVIII halkara ýaryşynda türkmen samboçylary 4 altyn, 3 kümüş we 8 bürünç, jemi 15 medal eýelediler. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr"...

28.01.2024 13:50
6k+

Belorussiýaly Arina Sobolenko Australian Open – 2024-de ýeňiji boldy

Belorussiýaly tennisçi Arina Sobolenko Awstraliýanyň Açyk çempionatynyň (Australian Open) ýeňijisi boldy. Ol finalda Hytaýyň wekili Çžen Sinweni utdy. Bu barada Ren.TV habar berýär. Oýun Sobolenkonyň peýdasyna...