2027-nji ýyla çenli dünýäde 14 mln iş orny ýitip biler

  • 01.05.2023 23:24
  • 13k+

2027-nji ýyla çenli iş bilen üpjün edijiler 69 mln iş ornuny döretmegi, 83 mln iş ornuny bolsa azaltmagy meýilleşdirýärler. Şeýle maglumatlar Bütindünýä Ykdysady Forumyň (BYF) 800-den gowrak kompaniýadan pikir soraşmanyň esasynda düzülen hasabatyndan gelip çykýar diýip, rbc.ru habar berýär.

Hasabatda iş orunlarynyň arassa ýitgisiniň 14 mln ýa-da häzirki işliligiň 2%-i boljakdygy aýdylýar. Iş orunlarynyň döredilmegine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçilmegi oňyn täsir eder, iş orunlarynyň azaldylmagyna bolsa ykdysady ösüşiň peselmegi we inflýasiýanyň ýokarlanmagy täsirini ýetirer.
Iş orunlarynyň sanyna emeli intellektiň ornaşdyrylmagy hem oňyn, hem ýaramaz täsir eder. BYF-yň çaklamasy boýunça, bir tarapdan, bu ugurda hünärmenleriň (maglumat analitikleri, maşyn bilimi we kiberhowpsuzlyk boýunça hünärmenler) işliligi bäş ýyldan ortaça 30% ýokarlanar. Beýleki bir tarapdan, mysal üçin, kätipler we maglumatlary girizmek bilen meşgullanýan işgärler öz iş orunlaryny ýitirerler – jemi 26 mln iş orny.
Häzirki wagtda emeli intellekt biznes bilen baglanyşykly ol ýa-da beýleki bir ýumuşlaryň 34%-ini ýerine ýetirýär. 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, görkeziji sähel ýokarlandy. Pikir soraşmalara laýyklykda, 2027-nji ýyla çenli ýumuşlaryň 42%-i awtomatlaşdyrylar, 2020-nji ýylda bolsa bu görkezijiniň 2025-nji ýyla çenli 47%-e ýetmegine garaşylypdy.

düýn 14:43
7.1k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

14.05.2026 18:54
5.1k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
2.2k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......