Din Ližen küşt boýunça dünýä çempiony boldy

  • 01.05.2023 14:59
  • 9.2k+

Hytaýly grossmeýster Din Ližen küşt täji üçin oýnuň taý-breýkinde russiýaly Ýan Nepomnýaşini utup, 17-nji dünýä çempiony boldy.

Küştçüler klassyky wagt gözegçiligi bilen 14-nji oýundan soň çempiony kesgitläp bilmediler (7-7), şondan soň gapma-garşylyk taý-breýkde dowam etdi. Rapidde ilkinji üç döw deňme-deň tamamlandy, dördünji döwde Din Ližen 68 göçümden soň gara mallar bilen ýeňiş gazandy we 2,5-1,5 hasabynda taý-breýki utdy.
Din Ližen 30 ýaşynda, ilkibaşda ol dalaşgärleriň ýaryşyna gatnaşmaly däldi, ýöne russiýaly Sergeý Karýakin diskwalifikasiýa edilendigi sebäpli gatnaşmaga hukuk gazandy.
Nepomnýaşiý 32 ýaşynda, ol 2795 utuk bilen Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) reýtinginde ikinji orny, Din Ližen üçünji orny (2788) eýeleýär. Russiýaly türgen dalaşgärleriň ýaryşynyň soňky iki oýnunyň ýeňijisidir, 2021-nji ýylda ol küşt täji üçin oýunda Karlsenden utuldy (3,5-7,5).
Oýnuň umumy baýrak gaznasy 2 mln ýewro barabar. Din Ližen ýeňşi üçin 1,1 mln ýewro, Nepomnýaşiý 900 müň ýewro alar.

düýn 23:07
5.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
4.1k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
7.3k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
2k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......