Küşt boýunça dünýä çempiony taý-breýkde kesgitlener

  • 30.04.2023 10:03
  • 8.3k+

Russiýaly grossmeýster Ýan Nepomnýaşiý Astanada geçirilýän dünýäniň küşt täji üçin oýnuň 14-nji tapgyrynda hytaýly Din Ližen bilen deňme-deň oýnady. Bu barada rsport.ria.ru habar berýär.

Russiýalynyň gara mallar bilen oýnan tapgyry 90-njy göçümden soň tamamlandy. Gapma-garşylykda hasap 7-7 boldy. Düzgüne laýyklykda, oýnuň ýeňijisi 30-njy aprelde aşgabat wagty bilen 14:00-da geçiriljek taý-breýkde kesgitlener.
Nepomnýaşiý 2022-nji ýylda dalaşgärleriň ýaryşynda ýeňiş gazanandan soň küşt täjine dalaşgär boldy. Häzirki dünýä çempiony norwegiýaly Magnus Karlseniň tituly goramakdan ýüz öwrendigi üçin, russiýalynyň garşydaşy dalaşgärleriň ýaryşynda ikinji orny eýelän Din Ližen boldy.

şu gün 16:20
1k+

FIFA: Şu gyşda klublar transferler üçin 1,9 mlrd dollar sarp etdi

Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) habar bermegine görä, professional erkekler futbol klublary ýakynda tamamlanan ýanwar aýynyň transfer penjiresinde 1,9 mlrd dollardan gowrak sarp etdi. Ýanwar aýynda 5 900-den gowrak halkara transferi hasaba alyndy...

şu gün 15:41
1.8k+

Küşt hem girdejili sport. Magnus Karlsen 2025-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan küştçüsi boldy

Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça iň köp pul baýragyny gazanan küştçüleriň sanawynda birinji orna çykdy. Bu reýting eýýäm yzygiderli ikinji ýyl «Forbes Sport» neşiri we «Chess Plus» media taslamasy tarapyndan taýýarlanyldy...

şu gün 13:10
3.4k+

Ispaniýanyň Kubogynyň ýarym finalynda «Barselona» bilen «Atletiko», «Atletik» bilen «Real Sosýedad» duşuşar

Ispaniýada Patyşanyň Kubogynyň ýarym final duşuşyklarynyň bije çekilişik dabarasy geçirildi. Ýaryşyň bu tapgyrynda toparlar biri-birleri bilen iki oýun oýnar. Ýarym finalda «Barselona» Madridiň «Atletiko» topary bilen duşuşar...

şu gün 09:33
2.4k+

Italiýada 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy: Ol nähili geçdi?

7-nji fewrala geçilýän gije Italiýada XXV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Taryhda ilkinji gezek bu çäre bir wagtyň özünde birnäçe şäherde — Milan, Kortina-d’Ampesso, Predasso we Liwinýo şäherlerinde geçirildi...