Minsk 2023-nji ýylda GDA-nyň sport paýtagty diýlip yglan edildi

  • 15.04.2023 11:17
  • 3.9k+
Minsk 2023-nji ýylda GDA-nyň sport paýtagty diýlip yglan edildi

Minsk 2023-nji ýylda GDA-nyň sport paýtagty diýlip yglan edildi. Geljek ýyl bu dereje Gýumri ermeni şäherine geçer. Bu karar GDA agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň Samarkandda geçirilen mejlisinde kabul edildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça wekiliýetler Patris Lumumba adyndaky halklaryň dostlugy Russiýa uniwersitetine žurnalist hünärmenlerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak boýunça GDA-nyň binýatlyk guramasy derejesini bermek hakynda karar kabul etdiler.
Şu ýylyň 5-13-nji awgustynda Belarus GDA döwletleriniň Oýunlaryny kabul eder. Bäsleşik maksatnamasyna woleýbol, çeperçilik gimnastikasy, ýeňil atletika, 3x3 basketbol, gandbol, boks, suwda ýüzmek we beýleki sport görnüşleri girizildi.
GDA döwletlerinden başga-da, Siriýa, Eýran, Müsür, Saud Arabystany, Hytaý, Malaýziýa, Liwan, BAE, Wýetnam we Kuba ýaryşlara gatnaşmaga isleg bildirdi.


16.02.2024 11:23
7.8k+

Türkmen samboçylar Minskide halkara ýaryşda 15 medal gazandylar

Minskide geçirilen Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýraklary ugrunda XXVIII halkara ýaryşynda türkmen samboçylary 4 altyn, 3 kümüş we 8 bürünç, jemi 15 medal eýelediler. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr"...

28.01.2024 13:50
5.8k+

Belorussiýaly Arina Sobolenko Australian Open – 2024-de ýeňiji boldy

Belorussiýaly tennisçi Arina Sobolenko Awstraliýanyň Açyk çempionatynyň (Australian Open) ýeňijisi boldy. Ol finalda Hytaýyň wekili Çžen Sinweni utdy. Bu barada Ren.TV habar berýär. Oýun Sobolenkonyň peýdasyna...

14.08.2023 15:01
11k+

Muhammet Jumamuradow GDA-nyň II oýunlarynda muaý-taý boýunça bürünç medal gazandy

Türkmenistanyň ýygyndysynyň muaý-taý boýunça wekili Muhammet Jumamuradow Belarus döwletinde geçirilen GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň ahyrky gününde tailand boksy boýunça ýaryşyň bürün medalyna mynasyp boldy. 86...

14.08.2023 14:54
10k+

Türkmen samboçylary GDA-nyň II oýunlarynda ýene iki sany bürünç medal aldylar

Belarusda geçen GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň ahyrky gününde iki sany türkmen türgeni — Sapar Döwletow we Guwanç Begaliýew sambo boýunça bürünç medal gazandylar. Sapar Döwletow 94 kg çenli agram derejede bürünç...