Zidan, Mourinýu we Ançelotti UEFA-nyň Futbol geňeşiniň düzümine girer

  • 09.04.2023 19:04
  • 9.4k+

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) 20 agzadan ybarat Futbol geňeşini döretmek kararyna geldi. Bu geňeşiň düzümine Zinedin Zidan, Žoze Mourinýu we Karlo Ançelotti hem girer. Geňeş oýny ösdürmek boýunça teklipleri düzmek bilen meşgullanar. Bu barada Frans Press habar berýär diýip, rsport.ria.ru belleýär.

Habar berlişi ýaly, UEFA-nyň döredilmesi birleşigiň ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan Lissabondaky mejlisde tassyklanan Futbol geňeşi özüniň ilkinji mejlisini 24-nji aprelde Nýonda geçirer.
Täze edara “Milan” italýan klubunyň öňki oýunçysy Zwonimir Boban ýolbaşçylyk eder. Geňeşe Ronald Kuman, Mikael Laudrup, Peter Çeh, Ýurgen Klinsmann, Rudi Feller, Filipp Lam, Luiş Figu, Paolo Maldini, Fabio Kapello we Garet Sautgeýt hem girer.


düýn 15:47
4.4k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

düýn 15:39
3.4k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....

düýn 10:31
5k+

Arbeloa «Reala» kubok getirip bilmedi we wezipesinden gidýär

Ispaniýaly hünärmen Alwaro Arbeloa geçirilen metbugat maslahatynda möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Real» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini mälim etdi....

23.05.2026 21:06
2.9k+

La Liga eminleriň işine baha bermek we olary bellemek üçin emeli aň ulanar

La Liga indiki möwsümden başlap, eminleriň işine baha bermek we oýunlara eminleri saýlap almak üçin emeli aň ulgamyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Madridde geçirilen ISDE Sports Convention 2026......