Dünýä halklarynyň ählisinde bolşy ýaly hijri-kamary senenamasynda hem bir ýyl on iki aýdan ybarat. Muny aýratyn nygtaýandygymyzyň sebäbi, gadym döwürlerde käbir halklaryň 24 aýdan ybarat bolan senenemalary peýdalananlygydyr. Her ýylyň belli bir başlanýan nokady bolýar. Ýeriň öz okunyň daşyndan bir gezek aýlanmagy bir gije-gündizi hasyl edýän bolsa, şol pyrlanyp ýörşüne Günüň daşyndan edýän bir öwrümi doly bir ýyly öz içine alýar. Bu senenamalaryň — kalendarlaryň hem hersiniň özüniň başlanýan möwsümi bar. Mysal üçin, Gündogar halklarynyň köpüsinde Täze ýyl 22-nji martda — Nowruzda başlanýar. Uzak Gündogar ýurtlarynyň käbirinde Täze ýyly fewral aýynda hem belläp ýörler. Ýewreý halky bolsa sentýabr aýynda dogan täze Aýy ýylbaşy hökmünde belleýär.
Biziň halkymyz birbada üç senenamany ulanýarys diýsek, öte geçdigimiz däl. Milady ýyl hasaby, ýyldyz ýyl hasaby, hijri-kamary ýyl hasaby. Milady ýyl hasaby biziň döwletimizde resmi ulanylýan hasapdyr. Ýyldyz ýyl hasabyny ekerançylarymyz, daýhanlarymyz, çarwalarymyz giňden peýdalanýarlar. Sebäbi ýyldyzlaryň dogup-ýaşýan wagtlaryna görä howanyň ýagdaýyny kesgitlemek, ekin-dikin, mal-gara we beýleki işler üçin örän ähmiýetli. Hijri-kamary ýyl hasaby milli däp-dessurlarymyzdaky belli-belli günleri hasaplamak bilen birlikde ekerançylyk, tebigat üçinem gereklidir. Çünki, Aýyň ösümliklere we suwa, esasanam deňizlere ýetirýän täsiri ylmy esasda öwrenilendir. Ekerançylyk ylmyna görä, aýyň birinji ýarymynda ekilen zatlar tiz boý alýar, ikinji ýarymynda ekilen zatlar bolsa ösüşini, esasan, köküne berýär. Fiziologiýa ylmyna görä, aýyň birinji ýarymynda ynsan bedeni has gujurly bolýar, ikinji ýarymynda, ýagny aýyň 15-16-laryndan soň bolsa güýç-gurbaty düşüşe geçýär diýilýär. Şonuň üçin aýyň birinji ýarymynda has köp işlemegi, irginsiz zähmet çekmegi ündeýärler. Täze Aý doganda deňizlerde daşgynyň bolýandygy, ikinji ýarymynda bolsa deňizlerde gaýtgynyň ýüze çykýandygy hem täsin hadysadyr.
Hijri-kamary aýlarynyň 29 we 30 günden aýlanmagynyň sebäbi hem özboluşly gyzykly. Köplenç Remezany — Oraza aýyny 30 gün agyz beklemäge endik edilensoň, bu ýyl Orazanyň 29 günden aýlanýandygy käbir okyjylarymyzy geňirgendirip biler. Bu ýerde Aýyň dogýan wagtlary möhüm orna eýe.
Günüň hemişe şol bir tarapda belli bir wagt aralygynda dogýandygyna garamazdan, täze Aý günüň islendik wagtynda dogup bilýär. Aý hatda süýr günortanam dogup biler, emma Günüň ýiti ýagtylygy zerarly biz ol pursatlary görüp bilmeýäris. Şonuň üçinem täze dogan Aýa baksaňyz, käteler ol juda inçe, käteler welin biraz ýogyndyr. Bu şol Aýyň doganyna ep-esli wagtyň geçendigini aňladýar.
Adatça, hijri-kamary ýyl hasabynyň täk aýlary 30 günden, jübüt aýlary 29 günden aýlanýar. Käwagt bolsa bu hasap başgaça dowam edýär, mysal üçin şu ýylky Oraza aýynyň (hasap boýunça dokuzynjy aý) 29 günden aýlanyşy ýaly.
30 we 29 günden aýlanmagynyň sebäbi hem Aýyň Ýeriň daşyndan edýän öwrümine baglydyr. Takyk ylmy hasaplamalara görä, Aý Ýeriň daşyndan 29 gün 12 sagat 44 minut 3,8 sekuntda bir gezek öwrüm edýär. Şonuň üçin müneçjim-alymlar bir aýyň 12 sagadyny öňündäki aýyň üstüne goşup, ony 30 güne, yzyndaky aýy bolsa 29 güne deňläpdirler. Aýyň her gezekki dogmagyndan artyp galýan 44 minut 3,8 sekunt bolsa 3 ýyla barabar wagtyň dowamynda bir güni emele getirýär. Şol bir gün hem ýylyň soňky aýy bolan Gurban aýyna goşulýar. Onuň jübüt orunda gelýän aýdygyna garamazdan, 30 günden hasaplaýarlar. Şeýdibem, täze Aýyň dogjak takyk wagtyny kesgitleýärler.
Eger-de Aý gijäniň ilki sagatlarynda dogan bolsa we gijäniň uzynlygy hem 12 sagat töweregi ýa-da ondanam gowrak dowam edýän bolsa, onda onuň galan 29 gününi hasaba almak ýeterlik. Şeýlelik bilen täk ýa-da jübüt aýdygyna garamazdan, şol aýy 29 günden hasaplanylýar. Şeýle paý bu ýyl Oraza aýyna hem gabat geldi.
Oraza halkymyzyň arasynda iň mukaddes aýlaryň biri hasap edilýär. Bu aýda müň aýdan hem haýyrly Gadyr gijesi bar. Tutýan orazalaryňyz, edýän ýagşy dileg-dogalaryňyz Hak dergahynda kabul bolsun!