В ночь на 31 марта наступают Ночи милосердия месяца Рамадан

  • 30.03.2024 17:58
  • 31k+

On iki aýyň soltany hasap edilýän Oraza (Remezan) aýy dowam edýär. Magtymguly Pyragy «Remezan diýerler aýyň ýagşysyn» diýip, bu mübärek aýa uly hormat bilen bakýar. Aýlaryň içinde — Remezan aýy, günleriň içinde — juma güni, gijeleriň içinde  — Gadyr gijesi iň bereketli wagtlar hasap edilýär. Remezan aýynyň esasy aýratynlyklarynyň biri-de «Müň aýdan hem haýyrly» bolan Gadyr gijesidir. Gadyr gijesinde edilen dileg-dogalaryň, okalan aýat-töwirleriň, ýürege düwülen maksat-niýetleriň has tiz kabul bolýandygy ündelýär. Bu günlerde ýa-da gijelerde edilen ýagşylyklaryň, berlen sadakalaryň kabul bolýandygy, üstesine ýylyň beýleki günleri bilen deňeşdireniňde bu gijelerde esse-esse sogaba eýe edýändigi ýazylypdyr. 

Aýtmaklaryna görä, Gadyr gijesi Remezanyň haýsy hem bolsa bir gijesine gabat gelýärmiş, emma şol gijäni takyk bilýänler örän azdyr. Hadyslarda Pygamberimiziň: «Gadyr gijesini Remezanyň soňky on gününiň täk gijelerinden gözläň» diýendigi beýan edilýär. Musulman hasabynda gije gündizden öň gelýändir, sebäbi, rowaýatlara görä, Adam ata jennetden Ýere düşürilen wagty gijelik ekeni. Soň biraz ýöräberipdir welin, daň atyp, jahan ýagtylypdyr. Şonda Adam ata: «Asyl, bu dünýä iki gapyly ekeni, bir gapysyndan girip, beýlesinden çykylýan ekeni» diýipdir. Şonuň üçin gije diýlende şol günüň öň ýanyndaky gije göz öňünde tutulýandyr. Türkmençilikde hem hut şeýle hasaplanylýar, mysal üçin,  anna (juma) agşamy diýlende anna (juma) gününiň öňýanyndaky gijedir. Şu nukdaýnazardan alsak, Remezanyň 21,23,25,27,29-njy gijeleriniň haýsy hem bolsa biri Gadyr gijesi bolmaly. Käbir maglumatlarda bolsa, ýylyň Gadyr gijesiniň ýa-da Gadyr gijesi deýin has bereketli gijesiniň her ýyla görä tapawutly gelýändigi aýdylýar. Muny kesgitlemek üçin taryhda ýaşap geçen meşhur alymlaryň biri Ymam Şagrany hezretleriniň kitaplaryna salgylanyp bileris. Ol Gadyr gijesini bilmegiň özboluşly usulyny öňe sürüpdir. Alymyň ýazmagyna görä, Remezan aýy ýekşenbe güni başlasa, Gadyr gijesi 29-njy gijedir. Duşenbe güni başlasa, Gadyr gijesi 21-nji gijedir. Sişenbe güni başlasa, Gadyr gijesi 27-nji gijedir. Çarşenbe güni başlasa, Gadyr gijesi 19-njy gijedir. Penşenbe güni başlasa, gadyr gijesi 25-nji gijedir. Anna güni başlasa, Gadyr gijesi 17-nji gijedir. Şenbe güni başlasa, Gadyr gijesi 23-nji gijedir. Bu hakdaky has giňişleýin maglumatlar bilen şu  sahypamyzdan tanşyp bilersiňiz.
Ýokarky hasaplamalardan ugur alsak, ýagny «Oraza aýy duşenbe güni başlasa, Gadyr gijesi 21-nji gijedir» diýen sözler bu ýylyň iň mübärek gijesiniň hut şu gün, ýagny 2024-nji ýylda 30-njy martdan 31-nji marta geçilýän gije bolup biljekdigini ýadymyza salýar. Umuman, Gadyr gijeli günler bu ýyl:

Oraza aýynyň 21-nji gijesi

Mart aýynyň 30-dan 31-ne geçilýän gijä

Oraza aýynyň 23-nji gijesi

Aprel aýynyň 1-den 2-ne geçilýän gijä

Oraza aýynyň 25-nji gijesi

Aprel aýynyň 3-den 4-ne geçilýän gijä

Oraza aýynyň 27-nji gijesi

Aprel aýynyň 5-den 6-na geçilýän gijä

Oraza aýynyň 29-njiy gijesi

Aprel aýynyň 7-den 8-ne geçilýän gijä gabat gelýär

Mübärek gijelerde toba edip, günäleriniň geçilmegini dilemek, Gurhan okamak, salawat okamak, ýagşylyk etmek, haýyr-sahawat etmek maslahat berilýär. Hassalary soramak, kömege mätäç kim bar bolsa, halyndan habar almak, göwnüni göterip, dogry-jaý maslahat bermek, geljegine umyt hem-de ynam döretmek aýratyn köp ündelýän sogaply amallaryň hataryndadyr. Il-güne, halkyňa, ýurduňa edilýän ýagşy dileg-dogalaryňam tiz kabul bolýandygy aýdylýar.  Üstesine şeýle ýagşy zatlar rysgal-bereketiňi hem artdyrýar.  Bu mübärek gijeler öz ýaramaz endiklerimizden saplanmak, öňküdenem has gowy bolmak üçin yhlas bilen dileg edilýän pursatlardyr. Täzelenmek — pikirlerimizi täzelemek üçin ylahy bir sowgatdyr. Ymykly ýürege düwsek, hökman başararys, çünki başarmak ynamyň berkligine  baglydyr. Ýekeje aýgytly pikir durmuşyňyzy düýpli üýtgedip bilýändir.
Ýagşy aý-günlerde, ýakymly pursatlarda birek-biregi gutlanymyzda «Gutly-mübärek bolsun!» diýen sözleri has köp aýdýarys. Aslynda bu jümle iň gowy arzuw-dilegleriň ählisini özünde jemleýän jümledir. Çünki, «Mübärek» sözi «bereketli»; «gutly» sözi «döwletli, ugurly, şowly» diýmegi aňladýar.

Goý, bu gijeler ählimiz üçin gutly-mübärek bolsun! Bu gijede edýän ybadatlaryňyz, ýagşy dileg-dogalaryňyz Biribaryň dergahynda kabul bolsun!


19.02.2026 14:25
7.7k+

ХО «Mukaddes behişt ýoly» организует умру в месяц Рамазан

Хозяйственное общество «Mukaddes behişt ýoly» организует поездки для совершения малого паломничества (умры) в священный месяц Рамазан. Компания предлагает гражданам, желающим посетить святые места, услуги высокого качества по доступным ценам...

05.03.2025 19:21
126k+

В Bedew Elektronika началась распродажа бытовой техники в честь Ораза

В магазине бытовой техники Bedew Elektronika началась акция со скидками, приуроченная к священному месяцу Рамазан. Акция продлится в течение месяца. В рамках акции скидки распространяются на широкий ассортимент...

26.02.2025 13:15
35k+

Время поста в месяц Рамадан 2025 года в Ашхабаде и регионах страны

Муфтият Туркменистана опубликовал календарь месяца Рамадан с расписанием сухуров и ифтаров. Согласно лунному календарю, месяц благотворительности, чистых помыслов и благородных поступков в этом году наступит на...

05.04.2023 06:06
32k+

29 дней, 12 часов, 44 минуты... Месяц Рамадан в этом году длится 29 дней

Рамадан (Ораза) для мусульман – месяц обязательного поста и ежедневных молитв. Это месяц пожертвовании, многих других богоугодных дел и поступков. К пяти ежедневным обязательным молитвам в священный месяц добавляется...