BAE-niň Prezidenti Abu-Dabiniň täze wise-prezidentini we mirasdüşer şazadasyny belledi

  • 31.03.2023 00:40
  • 17k+

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti we Abu-Dabiniň hökümdary Şeýh Muhammed ben Zaid Al Nahaýýan täze wise-prezidenti, şeýle hem mirasdüşer şazadany we Abu-Dabiniň häkiminiň iki orunbasaryny wezipä belledi. Bu barada BAE-niň Habarlar gullugy habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Federal Milli Geňeşiň tassyklamagy bilen, şeýh Muhammet çarşenbe güni dogany şeýh Mansur bin Zaid Al Nahaýýany BAE-niň wise-prezidenti edip bellemek barada karar çykardy. Ol bu wezipäni BAE-niň premýer-ministri we Dubaýyň hökümdary Şeýh Muhammed ben Raşid Al Maktum bilen bir hatarda eýelär. Täze wise-prezidentiň bellenilmegi bilen döwlet baştutanynyň birbada iki orunbasary bolar.
Şeýh Haled ben Muhammed Al Nahaýýan Abu-Dabiniň mürasdüşer şazadasy boldy. Döwlet baştutany prezidentiň milli howpsuzlyk geňeşçisiniň wezipesini eýeleýän doganlary şyhlar Hazza bilen Tahnuany emirligiň hökümdarynyň orunbasarlary wezipesine belledi.
Mundan başga-da, prezident emiriň merkezi dolandyryş edarasy bolan Abu Dabiniň Ýerine ýetiriji geňeşini özgertdi. Mundan beýläk geňeşe mirasdüşer şazada, ýagny şeýh Haled ben Muhammed Al Nahaýýan ýolbaşçylyk eder.


29.04.2026 16:01
2.1k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....

25.04.2026 16:03
3.5k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....

05.02.2026 13:15
2.5k+

Raşid Meredow BAE-niň wise-prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

4-nji fewralda Abu-Dabide Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy...

04.02.2026 13:14
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BAE-däki kärdeşi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek barada maslahatlaşdy

3-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýa saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi...