Serhio Ramos Ispaniýanyň milli ýygyndysynda karýerasyny tamamlaýar

  • 25.02.2023 11:25
  • 14k+

«Pari Sen-Žermeniň» futbolçysy Serhio Ramos Ispaniýanyň futbol ýygyndysynda karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi diýip, rsport.ria.ru habar berýär.

“Men öz ýurduma ony buýsanç bilen 180 gezek abraýlap bilen adamyň duýgulary bilen öýden janköýerlik etmegi dowam ederin. Maňa hemişe ynananlaryň ählisine çyn ýürekden minnetdarlyk bildirýärin” – diýip, Ramos Twitterde ýazdy.

Oýunçynyň aýtmagyna görä, ol halkara karýerasyny milli ýygyndynyň täze tälimçisi Luis de la Fuenteniň jaňyndan soň tamamlady.

“Şu gün irden maňa tälimçi jaň edip, meniň nähili derejäni görkezip biljekdigime garamazdan maňa bil baglamaýandygyny we bil baglamajakdygyny aýtdy. Bu heniz dowam eder we ýakymly tamamlanar diýip pikir eden syýahatymyň gynandyryjy soňy boldy” – diýip, Ramos sözüniň üstüni ýetirdi.

Ramos 36 ýaşynda. Goragçy geçirilen oýunlaryň sany boýunça Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň rekord eýesidir. Ol milli toparda ilkinji gezek 2005-nji ýylyň mart aýynda çykyş etdi we şondan bäri 180 oýna gatnaşyp, olarda 23 gol geçirip, 8 netijeli geçirim etdi. Ispaniýalylaryň düzüminde 2010-njy ýylda dünýä çempiony boldy we iki gezek Ýewropa çempionatynyň altyn medalyny gazandy (2008, 2012).
Soňky gezek Ramos milli ýygyndy üçin 2021-nji ýylyň 31-nji martynda oýnady.


düýn 15:47
4.4k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

düýn 15:39
3.4k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....

düýn 10:31
5k+

Arbeloa «Reala» kubok getirip bilmedi we wezipesinden gidýär

Ispaniýaly hünärmen Alwaro Arbeloa geçirilen metbugat maslahatynda möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Real» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini mälim etdi....

23.05.2026 21:06
2.9k+

La Liga eminleriň işine baha bermek we olary bellemek üçin emeli aň ulanar

La Liga indiki möwsümden başlap, eminleriň işine baha bermek we oýunlara eminleri saýlap almak üçin emeli aň ulgamyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Madridde geçirilen ISDE Sports Convention 2026......