Bütindünýä banky ýertitremeden zyýan çeken Türkiýä kömek hökmünde $1,78 mlrd bölüp berer

  • 11.02.2023 23:04
  • 52k+

Bütindünýä banky Türkiýäniň günortasynda bolup geçen weýrançylykly ýertitremeden soň kömek bermek we onuň netijelerini ýok etmek üçin 1,78 mlrd dollar bölüp berýändigini habar berdi diýip, interfax.ru belleýär.

“Bütindünýä banky şu gün adatdan daşary kömegi bermek we Türkiýäni dikeltmek üçin 1,78 mlrd dollar bölüp berjekdigini habar berdi” – diýlip, BB-niň saýtynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar.

Şeýle-de, BB-niň betbagtçylygyň gerimine düşünmek we dikeldiş hem-de täzeden gurmak işlerine goldaw bermek üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek maksady bilen ýitgini dessin bahalandyrmaga başlandygy bellenilýär.
Ýatlap geçsek, 7,7 bal ululykdaky weýrançylykly ýertitreme duşenbe gününe geçilýän gije boldy, onuň yzyndan bolsa birnäçe sarsgynlar hasaba alyndy, şolaryň biriniň ululygy 7,6 bala barabar.


25.06.2026 12:37
7.1k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.6k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....