«ChatGPT» «TikTok-dan» öňe geçip, taryhda iň çalt ösýän hyzmata öwrülýär

  • 06.02.2023 19:24
  • 15k+

ChatGPT çat-botdan her aýda 100 milliondan gowrak işjeň ulanyjy peýdalandy. Bu görkeziji, Reýter agentliginiň hasaplamagyna görä, çatyň açylandan iki aý soň gazanyldy. Bu ýagdaý ChatGPT-i "sarp edijileriň taryhda iň çalt ösýän goşundysyna" öwürýär.

2023-nji ýylyň ýanwar aýynda özboluşly çat-bot ulanyjylarynyň sany 13 milliona ýetdi, bu 2022-nji ýylyň dekabryndakydan iki esse köpdür. Deňeşdirmek üçin UBS holdinginiň şweýsariýaly hünärmenleri şeýle maglumatlary mysal getirýär: şunuň ýaly görkezijä ýetmek üçin TikTok-a dokuz aý, Instagrama bolsa 2,5 ýyl gerek bolupdyr.
Emeli aňly ChatGPT çat-boty OpenAI tarapyndan işlenip taýýarlandy. Onuň demowersiýasy 2022-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda çykdy. EA tehnologiýalarynyň kömegi bilen ol dürli wezipeleri ýerine ýetirip bilýär: gözleg ýaly, islendik soraga diýen ýaly jogap tapyp, programma koduny ýazyp, goşgy düzüp ýa-da diplom işini ýazyp bilýär. Mysal üçin, Russiýanyň Döwlet Ynsanperwer Uniwersitetiniň talyby ChatGPT-iň kömegi bilen diplom işini ýazyp, ony «kanagatlanarly» baha bilen gorady.
Şeýle üstünlik Microsoft-yň ünsüni özüne çekdi. Ýanwar aýynda korporasiýa ChatGPT-ni Word redaktoryna we Bing gözlegine birleşdirip başlady. Soň bolsa kompaniýanyň wekilleri agzalan taslama maýa goýandyklary baradaky habarlary tassykladylar.

şu gün 16:13
684

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

şu gün 10:41
908

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
2.9k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
8.8k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......