«Goal» iň şowuna düşmedik transferleri belli etdi

  • 12.01.2023 16:45
  • 26k+

Ýakynda meşhur “Goal” sport neşiri öz resmi saýtynda dünýäniň futbol taryhynda iň şowsuz bolan bäş transferi ýerleşdirdi. Munda birinji orny 2018-nji ýylyň başynda “Liwerpul” futbol klubundan Ispaniýanyň “Barselona” klubuna geçen Filippe Koutinýonyň transferi eýeledi. Oýunçynyň transfer bahasy 120 mln ýewro boldy we ýene 40 mln ýewro bonusa girdi. Ýöne ýarym ýyldan soň Filippe oýunçy üçin hukuklary satyn almakdan boýun gaçyran Germaniýanyň “Bawariýa” futbol klubuna kärendesine berildi. “Barselonadaky” çykyşynyň çäginde ýarym goragçy esasy oýunçy bolup bilmedi.

Reýtingiň indiki orunlary barada aýdylanda, olary şu aşakdaky futbolçylar eýeledi:

  • Antuan Grizmann (transfer “Atletiko” – “Barselona”, 120 mln ýewro);
  • Žoau Feliks (transfer “Benfiki” – “Atletiko”, 126 mln ýewro);
  • Usman Dembele (transfer “Borussiýa” – “Barselona”, 105 mln ýewro);
  • Pol Pogba (transfer “Ýuwentus” – “Mançester Ýunaýted”, 89,5 mln funt sterling).

düýn 15:47
4.5k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

düýn 15:39
3.5k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....

düýn 10:31
5.2k+

Arbeloa «Reala» kubok getirip bilmedi we wezipesinden gidýär

Ispaniýaly hünärmen Alwaro Arbeloa geçirilen metbugat maslahatynda möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Real» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini mälim etdi....

23.05.2026 21:06
3k+

La Liga eminleriň işine baha bermek we olary bellemek üçin emeli aň ulanar

La Liga indiki möwsümden başlap, eminleriň işine baha bermek we oýunlara eminleri saýlap almak üçin emeli aň ulgamyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Madridde geçirilen ISDE Sports Convention 2026......