2022-nji ýylyň iň gowy derwezebanlarynyň reýtingi hödürlendi

  • 07.01.2023 15:26
  • 23k+

Ýakynda Futbolyň taryhy we statistikasy halkara federasiýasynyň (IFFHS) resmi saýtynda geçen 2022-nji ýylyň iň gowy derwezebanlarynyň sanawy neşir edildi. Bu barada c-sport.info habar berýär.

Şeýlelikde, ýylyň derwezebany eýýäm ikinji gezek “Real” futbol klubunda çykyş edýän belgiýaly Tibo Kurtua boldy. Ol 125 utuk gazanmagy başardy. Onuň yzyndan Argentinanyň “Aston Willa” futbol kluby üçin çykyş edýän derwezebany Emiliano Martines gelýär. Ol Kurtuadan 15 utuk yza galýar. Üçlügi “Sewilýa” futbol klubunda oýnaýan marokkoly Ýassin Bunu jemleýär. Ol 55 utuk gazandy.
Sanawyň soňky orunlarynda derwezebanlar jübüt ýerleşdiler. Ýagny, 7-nji we 8-nji orunlary slowakiýaly Ýan Oblak (“Atletiko”) we braziliýaly Alisson (“Liwerpul”) paýlaşdy. Olaryň hersi 10 utuk gazandy. Soňky iki orunda 5 utuk bilen angliýaly derwezeban Jordan Pikford (“Ewerton”) we fransiýaly derwezeban Maýk Menýan (“Milan”) ýerleşdi.
Şeýle-de, iň gowy derwezebanlaryň sanawyna horwatiýaly Dominik Liwakowiç (“Dinamo” Zagreb), “Tottenhemden” fransiýaly Ugo Loris we “Ýuwentusdan” polşaly Woýçeh Şçensny goşuldy.


düýn 15:47
4.3k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

düýn 15:39
3.3k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....

düýn 10:31
4.9k+

Arbeloa «Reala» kubok getirip bilmedi we wezipesinden gidýär

Ispaniýaly hünärmen Alwaro Arbeloa geçirilen metbugat maslahatynda möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Real» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini mälim etdi....

23.05.2026 21:06
2.9k+

La Liga eminleriň işine baha bermek we olary bellemek üçin emeli aň ulanar

La Liga indiki möwsümden başlap, eminleriň işine baha bermek we oýunlara eminleri saýlap almak üçin emeli aň ulgamyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Madridde geçirilen ISDE Sports Convention 2026......