Bellingem – dünýäniň iň gymmat oýunçysy, Mbappe – üçünji, Holand – bäşinji

  • 07.01.2023 11:39
  • 25k+

CIES Football Observatory dünýäniň iň gymmat futbolçylarynyň reýtingini hödürledi. Gözleg topary dünýäniň 75 ligasynda 30 müňden gowrak oýunça baha berdi. Şeýlelikde, dünýäniň iň gymmat futbolçysy Angliýanyň milli ýygyndysynyň we Dortmundyň “Borussiýasynyň” ýarym goragçysy Jud Bellingem boldy. Onuň transfer bahasy 208,2 mln ýewro bilen bahalandyrylýar. Üçlüge “Mançester Sitiniň” ýarym goragçysy Filip Foden (200,5 mln ýewro) we “PSŽ-niň” hüjümçisi Kilian Mbappe hem (190,7 mln ýewro) girdi. Bu barada championat.com belleýär.

CIES-iň reýtinginiň ilkinji onlugy şeýle görnüşde:

  1. Jud Bellingem (208,2 mln ýewro, Dortmundyň “Borussiýasy”);
  2. Filip Foden (200,5 mln ýewro, “Mançester Siti”);
  3. Kilian Mbappe (191,7 mln ýewro, “PSŽ”);
  4. Winisius Žunior (190,5 mln ýewro, Madridiň “Realy”);
  5. Erling Holand (174,9 mln ýewro, “Mançester Siti”);
  6. Pedri (170,2 mln ýewro, “Barselona”);
  7. Gawi (147,6 mln ýewro, “Barselona”);
  8. Jamal Musiala (145,1 mln ýewro, “Bawariýa”);
  9. Ýoşko Gwardiol (125,8 mln ýewro, “RB Leýpsig”);
  10. Federiko Walwerde (123,5 mln ýewro, Madridiň “Realy”).

Ýeri gelende “PSŽ-niň” hüjümçisi Lionel Messi bilen “Al-Nasryň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldunyň reýtingiň hatda ilkinji ýüzlügine-de goşulmandygyny bellemek gerek.


düýn 15:47
4.3k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

düýn 15:39
3.3k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....

düýn 10:31
4.9k+

Arbeloa «Reala» kubok getirip bilmedi we wezipesinden gidýär

Ispaniýaly hünärmen Alwaro Arbeloa geçirilen metbugat maslahatynda möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Real» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini mälim etdi....

23.05.2026 21:06
2.9k+

La Liga eminleriň işine baha bermek we olary bellemek üçin emeli aň ulanar

La Liga indiki möwsümden başlap, eminleriň işine baha bermek we oýunlara eminleri saýlap almak üçin emeli aň ulgamyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Madridde geçirilen ISDE Sports Convention 2026......