IFFHS: Lionel Messi 2022-nji ýylyň iň gowy oýunçysy

  • 06.01.2023 12:08
  • 11k+

Futbol taryhynyň we statistikasynyň halkara federasiýasy (IFFHS) “PSŽ-niň” we Argentinanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messini 2022-nji ýylyň jemleri boýunça dünýäniň iň gowy oýunçysy diýip yglan etdi.

Argentinaly türgen 275 utuk toplap, “PSŽ-niň” we Fransiýanyň ýygyndysynyň 35 utuk toplan hüjümçi Kilian Mbappeden has öňe geçdi.
Dünýäniň iň gowy üç futbolçysynyň üçünjisi "Realyň" we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Karim Benzema (30 utuk) boldy. Ilkinji bäşlige “Realyň” ýarym goragçysy Luka Modriç (15) we “Mançester Sitiniň” hüjümçisi Erling Holand (5) girdi.
Katarda geçen soňky dünýä çempionatynda Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Lionel Messiniň ýaryşda ýeňiji bolandygyny ýatladýarys. Hüjümçi dünýä çempionatynyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Turniriň dowamynda ol 7 pökgi geçirip, 3 gezek netijeli pas berdi.


düýn 15:58
7.6k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
4.4k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
14k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......