Žerar Pike karýerasyny täzeden başlap biler

  • 05.01.2023 07:32
  • 17k+

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň we «Barselonanyň» öňki goragçysy Žerar Pike futbol karýerasyna täzeden başlamagy meýilleşdirýär. 35 ýaşly ispaniýaly türgen «Andorrada» oýnamak isleýär. Ol bu klubyň eýesidir.

Relevo-nyň berýän maglumatyna görä, Pikeniň sporta gaýdyp gelmegine “Andorranyň” oýnaýan ikinji diwizionynyň maliýe düzgünleri päsgel berip biler.
2022-nji ýylyň noýabr aýynda Žerar karýerasynyň tamamlanandygyny yglan edipdi. Öňki futbolçy “Barselonanyň” ýetişdiren oýunçysy. Pike “Barselonanyň” düzüminde 616 duşuşykda oýnap, 28 kubok gazandy.


düýn 17:35
6.1k+

«Barselonanyň» prezidenti wezipesine dalaşgärler bellige alyndy: klubuň başyna kim geçer?

Žoan Laporta we Wiktor Font «Barselona» futbol klubunyň prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde bellige alyndy. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär. Saýlawlara resmi taýdan gatnaşmak üçin her bir dalaşgär klubuň agzalaryndan 2337 sany gol ýygnamalydy...

düýn 10:10
14k+

Tramp Ak tamda Messini kabul etdi we onuň Peleden hem üstündigini ykrar etdi

«Inter Maýami» klubynyň hüjümçisi we kapitany Lionel Messi, Ak tamda geçirilen dabaraly kabul edişlik wagtynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşdy. Çäre klubyň Futbol boýunça ýokary ligasyndaky (MLS) ýeňşine bagyşlanyp geçirildi...

04.03.2026 11:44
8.6k+

«Atletiko» garşy salnan üç gol «Barselonany» ýurduň Kubogynyň finalyna çykaryp bilmedi

4-nji marta geçilýän gije Barselonada Ispaniýanyň Kubogynyň 1/2 finalynyň jogap oýnunda «Barselona» bilen Madridiň «Atletikosy» duşuşdy. Kataloniýalylar 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy, emma finala çykmak üçin bu hasap ýeterlik bolmady...

03.03.2026 15:21
6.3k+

Aşgabatda TFF-iň Kubogy ugrundaky ýaryş başlady

Şu gün, 3-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) Kubogy ugrunda geçiriljek nobatdaky ýaryş başlandy. 12-nji marta çenli dowam etjek bu ýaryşda sekiz topar çykyş eder. Geçirilen bije çekişligiň...