Alen Berse Şweýsariýanyň prezidenti wezipesine girişdi

  • 03.01.2023 10:50
  • 4.5k+

Hökümetde Sosial-demokratik partiýa wekilçilik edýän Şweýsariýanyň içeri işler ministri Alen Berse ýekşenbe güni ýurduň prezidenti hökmünde işe başlady. Ol 2023-nji ýylda prezident ygtyýarlyklaryny ministrlik wezipeleri bilen bir wagtda ýerine ýetirer diýip, TASS habar berýär.

Prezident saýlawlary 2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda parlamentiň iki palatasynyň bilelikdäki ýygnagynda geçirildi. Alen Berse Daşary işler ministri Inýasio Kassisiň ýerine prezident boldy. Syýasy giňişlikdäki bu üýtgeşme Şweýsariýanyň daşary we içerki syýasatyna hiç hili täsir edip bilmez, sebäbi Federal Geňeş (hökümet) iň möhüm meseleleriň hemmesini bilelikde çözýär.
Berse 1972-nji ýylyň 9-njy aprelinde Şweýsariýanyň günbataryndaky Fribur kantonynda dünýä indi. Onuň ykdysadyýet boýunça doktorlyk derejesi bar. Ol 2012-nji ýyldan bäri hökümetde işleýär, Içeri işler ministrligine (federal departamente) ýolbaşçylyk etmek bilen, sosial üpjünçilik, saglygy goraýyş we medeniýet ugry boýunça işleri alyp barýar. Berse 2018-nji ýylyň dowamynda hem prezident bolup işläpdi we bu wezipä täzeden saýlanmagy onuň syýasy terjimehalyna ikinji gezek ýazyldy.


13.02.2026 15:35
2.8k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Şweýsariýanyň ilçisi bilen duşuşdy

12-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (ýerleşýän ýeri Baku şäherinde) Tomas Şteli bilen duşuşyk geçirdi...

05.01.2026 12:16
3.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýanyň täze Prezidentini wezipesine girişmegi bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gi Parmeline Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli, tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Gi Parmeline berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de Şweýsariýanyň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň, gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi...

12.12.2025 11:42
2.4k+

Şweýsariýada indiki ýyl üçin Prezident saýlandy

Şweýsariýada 2026-njy ýyl üçin Prezident hökmünde ykdysadyýet ministri Gi Parmelen saýlandy. Ol bu wezipäni 2021-nji ýylda-da eýeläpdi. Ýurduň parlamentinde habar berlişi ýaly, ol berlen 228 býulletenden Federal ýygnagyň deputatlaryndan 203 ses aldy...

01.08.2025 10:48
5.8k+

Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýanyň Prezidentini ýurduň milli baýramy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Karin Keller-Zuttere ýurduň milli baýramy — Konfederasiýa güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany ýakymly...