Ispaniýanyň kazyýeti Neýmary “Barselona” geçmegi bilen bagly kazyýet işi boýunça aklady

  • 15.12.2022 18:28
  • 31k+

Ispaniýanyň kazyýeti “Pari Sen-Žermeniň” we Braziliýanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Neýmary 2013-nji ýylda “Santosdan” “Barselona” geçmegi bilen bagly kazyýet işi boýunça aklady. Bu barada Reuters agentligine salgylanyp, sportrbc.ru habar berýär.

Şeýle-de, beýleki günäkärlenýänler – “Barselonanyň” öňki prezidentleri Žozep Bartomeu we Sandro Rose hem-de “Santosyň” öňki müdiri Odilio Rodriges aklandy.
Öň, prokuratura braziliýaly oýunçynyň iki ýyl azatlykdan mahrum edilmegini we 10 mln ýewro möçberinde jerime bellenmegini talap etdi. Ýöne oktýabr aýynyň ahyrynda ol futbolçydan we beýleki günäkärlenýänlerden korrupsiýa we kezzaplyk aýyplamalaryny aýyrdy.
Neýmar Kataloniýa klubyna “Santosdan” 57,1 mln ýewro geçdi. Soňrak “Barselonada” goşmaça tölegler barada gürrüň edildi, oýunçynyň kakasy bolsa ogly üçin, takmynan, 100 mln ýewro tölenendigini aýtdy.
Bu iş heniz 2016-njy ýylda oýunçy üçin 40% hukugynyň bardygyny ýaňzydan Braziliýanyň DIS maýa goýum kompaniýasy tarapyndan gozgaldy. Maýadarlar “Santosyň” oýunçysy bilen “Barselonanyň” ylalaşygynyň netijesinde özlerine degişli 40 mln ýewrony almandyklaryndan zeýrendiler. Bu kazyýet işi ýapylypdy, ýöne soňrak kazyýet ony gaýtadan garamaga iberdi.


düýn 15:47
4.4k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

düýn 15:39
3.4k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....

düýn 10:31
5k+

Arbeloa «Reala» kubok getirip bilmedi we wezipesinden gidýär

Ispaniýaly hünärmen Alwaro Arbeloa geçirilen metbugat maslahatynda möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Real» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini mälim etdi....

23.05.2026 21:06
2.9k+

La Liga eminleriň işine baha bermek we olary bellemek üçin emeli aň ulanar

La Liga indiki möwsümden başlap, eminleriň işine baha bermek we oýunlara eminleri saýlap almak üçin emeli aň ulgamyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Madridde geçirilen ISDE Sports Convention 2026......