Aşgabatda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahat geçirildi

  • 12.12.2022 12:07
  • 5.5k+

11-nji dekabrda Aşgabatda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahat geçirildi.

Ýokary derejede geçirilen umumy mejlise wise-premýerler, Milli Geňeşiň agzalary, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatlary — Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik missiýalarynyň hem-de daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Forumyň dowamynda edilen köp sanly çykyşlar Türkmenistanyň şu ýyllaryň dowamynda baý tejribe toplandygynyň tassyklanmasy boldy. Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk derejesiniň häzirki zamanyň ýagdaýyna we türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan ajaýyp guralynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegi başardy.
Plenar mejlis tamamlanandan soň, günüň ikinji ýarymynda, “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat mowzuklaýyn mejlisleriň üçüsiniň çäklerinde dowam etdi. Olar hem garyşyk görnüşde geçirildi. Mejlisleriň birinjisi “Dialog — öňüni alyş işiniň we gapma-garşylyklary aradan aýyrmagyň guraly” diýen at bilen geçirildi. Ikinji mowzuklaýyn mejlis “Dialog arkaly azyk we ekologiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmak” ady bilen geçirildi. “Maglumat giňişliginde köptaraply hyzmatdaşlyk we milletara gatnaşyklary ýola goýmakda maglumat ulgamynyň orny” ady bilen geçirilen üçünji mejlisiň dowamynda medeni gatnaşyklaryň we parahatçylygyň üpjün edilmegine ýardam bermek bilen baglanyşykly çärelere degişli meseleler boýunça pikir alşyldy.
Ýörite mejlisleriň işleriniň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.
Maslahat tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylaryň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......