Marca: Ronaldu «An-Nasr» saud klubunda oýnar

  • 06.12.2022 23:27
  • 27k+

Portugaliýanyň futbol boýunça ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Er-Riýad şäheriniň "An-Nasr" klubunyň oýunçysy bolar. Bu barada Marca neşiri habar berýär. 

Oýunçy bilen baglaşylan şertnama iki ýarym ýyllykdyr. 37 ýaşly futbolçynyň umumy girdejisi, mahabat şertnamalary üçin goşulan puly hem hasaba alsaň, bir möwsüm üçin 200 mln ýewro töweregi bolar.
Öň 22-nji noýabrda Ronaldunyň özara ylalaşyk esasynda iňlis "Mançester Ýunaýtedi" bilen şertnamasyny ýatyrandygy mälim edilipdi. Futbolçy klub üçin oýnan iki döwrüniň hem  içinde Angliýanyň üç gezek çempiony, Iňlis ligasynyň kubogynyň iki gezek eýesi boldy. Şeýle-de, Ronaldu UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň, Dünýäniň klub çempionatynyň, Angliýanyň Kubogynyň we Superkubogynyň  hersinde bir gezekden utdy. Ronaldu "Mançester Ýunaýted" üçin oýnan oýunlarynyň 346-synda 145 gol saldy.
Şeýle-de portugaliýaly türgen ispan "Real"-ynyň we italýan "Ýuwentus"-ynyň düzüminde köp sanly titullary utdy. Portugaliýanyň ýygyndysy bilen bilelikde ol Ýewropanyň çempionatynyň we UEFA-nyň Milletler ligasynyň hersinde bir gezekden utuş gazandy. 
Häzirki wagtda Ronaldu dünýä çempionaty-2022-niň geçýän ýeri bolan Katarda.


şu gün 14:15
5.4k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 15:58
11k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
5.5k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.3k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......