2023-nji ýylda 339 mln adam ynsanperwerlik kömegine mätäçlik çeker

  • 05.12.2022 14:28
  • 25k+

2023-nji ýylda dessin ynsanperwerlik meselelerini çözmek üçin rekord 51,5 mlrd dollar gerek bolar. Bu barada BMG-niň Baş sekretarynyň ynsanperwerlik meselelerini utgaşdyrmak boýunça orunbasary we adatdan daşary kömekleri sazlaýjy Martin Griffits mälim etdi. 

"Bu adaty däl san, ol gynandyryjy (...) ynsanperwerlik kömeginiň berilmegine isleg diýseň ýokary hem-de şu ýylyň adatdan daşary wakalary 2023-nji ýylda-da dowam eder" - diýip, Kyodo onuň sözlerini getirýär.

BMG-niň ynsanperwerlik meselelerini utgaşdyrmak boýunça müdirliginde (YMUM) 2023-nji ýylda dessin kömek 339 mln adama gerek bolar. Şunlukda, YMUM donor ýurtlary 2023-nji ýylda 68 ýurtda ýaşaýan has mätäç 230 mln adama ynsanperwerlik kömegini bermek üçin serişde bilen üpjün etmeklige çagyrdy. 
Kömek diňe bir gapma-garşylyklary we keselçiligiň örç almasyny başdan geçirýän adamlara däl, eýsem, howanyň üýtgemeginiň netijelerinden ejir çekýänlere-de gerek, meselem, gurakçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolan Somali ýarym adasynyň ilatyna, güýçli suw joşmalarynyň bolup geçen ýeri bolan Pakistanyň ilatyna kömek gerek diýip, Griffits düşündiriş berdi. Ilkinji gezek dünýäde bir ýerden başga ýere geçirilen adamlaryň sany 100 mln-dan geçdi, COVID-19 pandemiýasy bolsa öňküsi ýaly ilatyň garyp gatlagynyň durmuşyna täsirini ýetirýär diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Bir ýyl mundan öň YMUM-de 2022-nji ýylda ynsanperwerlik kömegine 274 mln adam mätäç bolar diýipdiler diýip Kyodo ýatladýar. Emma 2022-nji ýylyň noýabrynda bu san 324 milliona ýetdi. Şeýle-de, BMG noýabr aýynda ynsanperwerlik kömegini maliýeleşdirmek üçin 24 mlrd dollar - gerekli puluň bary-ýogy 47%-ni aldy.


27.04.2026 02:06
4.1k+

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

24.04.2026 16:06
1.5k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

20.04.2026 21:27
2.7k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Antalýada halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkiýe Respublikasyna amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen birnäçe netijeli duşuşyklary......

15.04.2026 16:06
1.3k+

Türkmenistan BMG-niň ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparyna saýlandy

2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Türkmenistan 2027-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Guramanyň ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparynyň agzalygyna......