Katarda dünýäniň "iň owadan" düýesi saýlandy

  • 03.12.2022 16:24
  • 32k+

Dowam edýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň çäginde Katarda Qatar Camel Mzayen owadanlyk bäsleşigi boldy, onuň çäklerinde dünýäde "iň owadan" düýäni saýladylar.

Çäre ýakyn gündogar ýurdunyň myhmanlaryny ýerli medeniýet we däp-dessurlar bilen tanyşdyrmagy maksat edindi.

Ýurduň paýtagty Dohadan 25 km uzaklykda ýerleşýän Şahaniýe etrabynda geçen bäsleşige 700 düýe gatnaşdyryldy, olaryň bir bölegi ýurda Pars aýlagynyň dürli döwletlerinden getirilipdir.​

Owadanlyk bäsleşigine gatnaşyjylary goldamaga DÇ-2022-niň janköýerleri hem bardy.

Düýeleriň eýelerine gowşurylýan sylag futbol pökgüsiniň şekilinde ýasalan.

Guramanyň tumary - "Humer" atly düýe, onuň aýagy futbol pökgüli, üstüne bolsa däp bolan katar geýimi geýdirilen.

"Huwer" arap dilinden terjime edilende "kiçijik düýe" diýmegi aňladýar.

Owadanlyk bäsleşiginiň baýrak gaznasy 10 million rial diýip bahalandyrylýar.


09.12.2024 16:59
13k+

Iň çalt ykjam internet nirede? Öňdebaryjy ýurtlaryň sanawy

Soňky bäş ýylda ykjam internetden peýdalanýan ulanyjylaryň sany 1,5 milliard artdy. Şeýle-de bolsa, trafigiň tizligi we göwrümi sebitleriň arasynda ep-esli üýtgeýär. Bütindünýä bankynyň maglumatyna görä, iň çalt...

24.01.2024 11:35
7.5k+

Türkmenistan we Katar medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow katarly kärdeşi Abdulrahman bin Hamad al-Tani bilen duşuşdy. Ministrler medeniýet ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar. Bu barada...

30.09.2023 17:58
32k+

Kataryň abraýly myhmanhanasynyň ýüzünde türkmen baýdagynyň şekili şöhlelendirildi

Kataryň paýtagty Doha şäherinde ýerleşýän Sheraton Grand Doha Resort & Convention Hotel binasynyň ýüzünde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli ýurduň döwlet baýdagynyň şekili şöhlelendirildi. Bu...

22.08.2023 23:54
17k+

Katar 2022-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň mahabat önümlerini gaýtadan işleýär

Kataryň Taslamalar we miras boýunça ýokary komiteti 2022-nji ýylda Katarda futbol boýunça dünýä çempionaty geçirilende ulanylan 173 tonna mahabat önüminiň saud kompaniýasy tarapyndan gaýtadan ulanyljakdygyny habar...