Şotlandiýada futbolçylar üçin täze düzgünler girizilýär

  • 03.12.2022 16:06
  • 17k+

Şotlandiýada profess­ional futbolçylara oýnuň öňüsyrasynda we ondan soňky gün tür­genleşiklerde kelle bilen oýnamak gadagan ediler. Bu Glazgo uniwersitetiniň öňki oýunçylaryň kelle beýnisiniň kesellerin­den üç ýarym esse köp ýogalýandyklaryny görkezen barlagy bil­en baglanyşyklydyr. Bu barada novosti.kg belleýär.

Barlaga ýolbaşçylyk eden newropatolog Ui­lli Stýuartyň aýtmag­yna görä, profession­al futbolçylar üçin howp Alsgeýmer kesel­iniň döremek ähtimal­lygynyň bäş esse ýok­arlanmagyndan başlap, hereketlendiriji neýron keseliniň, tak­mynan, dört esse ýok­arlanmagyna we Parki­nson keseliniň hadys­alarynyň iki esse ýo­karlanmagyna çenli aralykda üýtgeýär.

Alymlar munuň kelle bilen topuň yzygider­li urulmagy bilen ba­glanyşykly bolup bil­jekdigini hasaplaýar­lar.

“Kelle bilen birnäçe urgudan soň ýatda 24-48 sagat dowam edý­än ölçäp bolýan ýara­mazlaşma ýüze çykýar. Futbolçylarda hem beýni skanerlenende şeýle urgular bilen baglanyşykly bolup biljek üýtgeşmeler gö­ründi” – diýip, barl­aga gatnaşan Şotland­iýanyň Futbol Assosi­asiýasynyň (SFA) luk­many Jon Maklin düşü­ndirýär.

Mundan başga-da, fut­bol klublaryna kelle bilen urmagy gaýtal­anýan maşk hökmünde göz öňünde tutýan tü­rgenleşikleriň sanyny hepdede bir güne çenli azaltmak tabşyr­yldy.

Şotlandiýanyň Futbol Assosiasiýasy eýýäm ýaşlar futbolynda kelle bilen oýnamagy çäklendirýän düzgünl­eri hem-de 12 ýaşa çenli ýaş topary üçin türgenleşiklerde ke­lle oýnuny ulanmagy gadagan edýän düzgün­leri işläp düzdi.

Täze düzgünler Şotla­ndiýadaky 50 profess­ional erkekler we ze­nanlar kluby bilen maslahatlaşylandan so­ň, şeýle-de SFA klub­lary bilen pikir sor­aşma geçirilenden soň girizilýär.

Şeýle-de, Şotlandiýa dünýäde sportuň ähli görnüşleri üçin be­ýniniň sarsma ýagdaý­lary bilen baglanyşy­kly ýeke-täk maslaha­tlar toplumyny kabul eden we “If in doub­t, sit them out” şyg­ary bilen kampaniýa geçiren ilkinji ýurt boldy. Bu şygary “Ş­übhe barmy – gowusy, goý, otursyn” görnü­şinde terjime etmek bolýar. Ýagny, eger tälimçi ýa-da işgärl­er türgeniň beýni sa­rsmasyna ýa-da kelle şikesine sezewar bo­landygyna şübhelenýän bolsa, oýunçyny oý­undan ýa-da türgenle­şikden çykarmalydyr.

Alymlar futbol oýnam­ak bilen kellä zeper ýetmegiň arasynda baglanyşygyň bardygyny belleýärler, ýöne ylym henizem munuň näme üçin bolýandygyny doly düşündirip bi­lenok. Geçirilen göz­legler statistika gö­rä beýlekilere garan­yňda kelle bilen köp oýnaýan goragçylaryň bu howpa has ýakyn­dygyny belleýär.


düýn 22:49
2.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
12k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......