Tesla-nyň 36 tonna agramly Semi ýük ulagy zarýad bermesiz 800 km ýol geçdi

  • 29.11.2022 16:35
  • 20k+

Teslanyň baş direktory Ilon Maskyň berýän habaryna görä, işläp taýýarlaýjylar çynlakaý synagyň dowamynda tok bilen işleýän Semi ýük ulagynyň hakyky şertlerde zarýad berilmezden 800 km geçip biljekdigini tassykladylar.

Oktýabr aýynyň başynda Teslanyň ahyrsoňy öz tok bilen işleýän Semi ýük ulagyny öndürip başlajakdygy we eýýäm 2022-nji ýylyň 1-nji dekabryndan başlap ony Pepsi kompaniýasynyň sargydy boýunça ugradyp başlamagy meýilleşdirýändigi mälim boldy. Alkogolsyz içgileri öndürýän kompaniýa, Tesla öz täze ulagy bilen dünýäni tanyşdyranyna bary-ýogy bir aý geçen dessine, 2017-nji ýylyň dekabr aýynda 100 elektromobili sargyt etdi.
Semi 20 sekuntda, hatda "mas ýüklenen" ýagdaýynda hem, 0-dan 96 km/sag çenli badyny artdyryp we "şol tizligini gara ýolda bolşy ýaly, hatda dik kötellerde hem" saklap bilýär diýip, Tesla ynandyrýar. 
Şeýle-de, Ilon Mask akkumulýator batareýasyna bary-ýogy 30 minudyň içinde 70%-e çenli  zarýad berip bilersiňiz diýip wada edýär.Tesla kompaniýasy eýýäm 1-nji dekabrdan ilkinji Tesla Semi-leri ugratmaklyga bagyşlanan çäreleri geçirmekçi bolýandygyny  tassyklady.


şu gün 17:04
487

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......